Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1074522
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan “Jemal Kaşykçy” jenaýaty barada giňişleýin maglumat berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparyndaky maslahatynda “Waşington Post” gazetiniň ýazyjysy Jemal Kaşykçy jenaýaty barada geň galdyryjy maglumat berip; “Jogap berilmeli soraglar bar” diýendigini ýazýar. Gazet Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň telefon söhbetdeşliginde özüne waka goşulyşandygy anyklanan 18 adamyň tussag edilendigini beýan edendigini aýdan Erdoganyň: “Şu gün çagyryş edýärin, çagyryşym Şaga we hökümet agzalaryna. Wakanyň bolan ýeri Stambul. Tussag edilen 18 adamyň kazyýet işiniň Stambulda geçirilmegini teklip edýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Dünýä teleýaýlymlary Erdogany göni ýaýlymdan berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparyndaky maslahatynda “Waşington Post” gazetiniň ýazyjysy Jemal Kaşykçy jenaýaty baradaky beýanatynyň dünýäniň media organlary tarapyndan göni ýaýlymda berilendigini ýazýar. Habarda “CNN”, “BBC”, “Russia Todaý”, “France 24” ýaly köp sanly halkara ýaýlym organynyň Erdoganyň çykyşyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Ministr Çawuşogly: Saud Arabystanynyň giç hem bolsa Kaşykçynyň öldürilendigini ykrar etmegi möhüm” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Saud Arabystanynyň giç hem bolsa “Waşington Post” gazetiniň ýazyjysy Jemal Kaşykçynyň öldürilendigini ykrar etmeginiň möhümdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Çawuloglynyň beren beýanatynda Kaşykçy wakasy boýunça BMG, halkara guramalary ýa-da kazyýet jenaýat işini gozgan halatynda Türkiýäniň hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bilen Russiýanyň wiza başlangyjy” söz başyly habarybda, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk edarasynyň başlygy İwan Wolynkiniň Russiýa bilen Türkiýäniň wiza düzgüniniň ýeňilleşdirilmegi baradaky gepleşikleri 1-nji noýabrda geçirjekdigini beýan edendigini ýazýar. Gazet Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň belli raýat toparlary üçin iki taraply häsýetde wiza düzgüniniň ýeňilleşdirilmegi boýunça gepleşik mehanizminiň döredilmegi barada awgust aýynda ylalaşandyklaryny ýatladýar.

“Haber Türk” gazeti “Syhahatçylar esasan Antalýada düşledi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň rugsatnamasy bilen açylan desgalarda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda 98,3 million düşleg sanynyň ýarysyndan gowragynyň “syýahatçylygyň paýtagty” Antalýadaky düşleglerden ybaratdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #Jemal Kaşykçy , #Sabah , #gazet

Degişli Habarlar