Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1068875
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym Şweýsariýada türkler bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrymyň Ýewropada ýaşaýan türkleriň gymmatlyklaryndan we milletiň mertebesinden asla ýüz öwürmeli däldigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Şweýsariýada resmi saparda bolýan Binali Ýyldyrymyň, Türkiýäniň Bern şäherindäki ilçihanasynda raýatlar bilen duşuşyk geçirendigini beýan edýär. Habarda Binali Ýyldyrymyň, ýurdyň tapawutly ýerlerinden Berne gelen türkleriň öňünde çykyş edendigi ýazylýar. Gazet çykyşynda Ýewropada ýaşaýan türkleriň ýaşaýan ýurtlarynyň sistemasyna öwrenişmekleriniň möhümdigine ünsleri çeken Ýyldyrymyň, emma nirede bolsalar bolsunlar, türkleriň ata watanlarynyň Türkiýedigini aýdandygyny nygtaýar. Gazet beýik medeniýete eýe bolmagyň, uly jogapkärçiliginiň bardygyny aýdan Ýyldyrymyň: “Şertler nähili bolsa bolsun, nähili derejede kynçylyk, nähili derejede basyşa sezewar galsaňyzam, gymmatlyklaryňyzdan, milletiň mertebesinden asla ýüz öwürmäň. Ýewropa bilen gatnaşyklarymyz bozulsada siz Türkiýe Respublikasynyň kepilligidirsiňiz” diýendigini ýazýar.

Watan gazedi: “ASELSAN-dan Kipre maýa goýum” söz başyly habarynda, ASELSAN-yň DKTR-e tehnologiýa babatynda maýa goýandygyny habar berýär. Habarda goranyş senagatynda Türkiýäniň öňbaşçy kärhanalarynyň biri bolan ASELSAN-yň şu ýylyň ahyryna çenli DKTR-de tehnologiýa merkezini açjakdygy aýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Indoneziýanyň tebigy apatda ejir çeken raýatlary türk çadyrlarynda ýaşarlar” söz başyly habarynda, Indoneziýadaky tebigy apatda öýlerinden mahrum bolan adamlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen Türkiýeden alynyp gidilen 250 çadyryň mätäçlik çekýän adamlar üçin gurulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Indoneziýa boýunça toparynyň ýolbaşçysy Ali Akgüliň, mundan başgada ýük uçarlary bilen Türkiýeden alynyp gidilen 1 müň sany ýatylýan haltanyň adamlara beriljekdigini we ondan soň azyk we arassaçylyk serişdeleriniň hem paýlanjakdygyny aýdandygyny belleýär.

Hürriýet gazedi: “Londonyň iň gowy restoranlary belli boldy! Aralarynda Türk restorany hem bar” söz başyly habarynda, dünýäniň iň abraýly žurnallaryndan biri bolan Forbes-iň Britaniýanyň paýtagty Londonda 2018-nji ýylda açylan iň gowy restoranlaryň sanawyny çap edendigini mälim edýär. Sanawda bar bolan iň gowy restoranlaryň arasynda türk restorany “Rüýa”-nyň hem bardygy aýan edildi. Anadoly tagamlaryny dünýä tanatmak üçin gurulan restoranda iň saýlama tagamlarynyň bardygy beýan edildi.  

Star gazedi: “Prezidentiň 54-nji Türkiýe welosiped bäsleşiginiň çempiony Eduard Prades boldy” söz başyly habarynda, Prezidentiň 54-nji Türkiýe welosiped bäsleşiginiň çempiony Euskadi Basque Country-Murias toparyndan ispaniýaly türgen Eduard Prades Rewerteriň bolandygyny habar berýär. Astana Pro toparyndan gazagystanly Alekseý Lutsenko 2-nji, Team Katusha Alpeçin toparyndan awstriýaly Nathan Haas bolsa 3-nji boldy.


Etiketkalar: #ASELSAN , #gazet , #çadyr

Degişli Habarlar