Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Teknofest Stambul sentýabr aýynda geçiriler” söz başyly habarynda, Teknofest Stambul “Milli tehnologiýa göçüminiň” çäginde 20-23-nji sentýabr aralygynda dünýäniň iň uly howa menzili bolan Stambul howa menzilinde geçiriljekdigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň ilkinji awiasia, kosmos we tehnologiýa festiwaly bolan Teknofest Stambulda Türkiýe taryhynyň iň uly tehnologik ýaryşlary bilen birlikde howa şoularyň, seminarlaryň, halkara insiatiwa maslahatynyň we dürli-dürli çäreleriň geçiriljekdigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Turkish Cargo uçýan nokatlarynyň sanyny 85-e ýetirdi” söz başyly habarynda, howa ýük daşamak pudagynda dünýäniň iň çalt ösýän howa ýük daşamak kärhanasy bolan Turkish Cargonyň uçuş nokatlaryna Ruandanyň paýtagty Kigali şäherini we Omanyň paýtagty Maskat şäherini goşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Habarda täze uçuş nokatlary bilen birlikde Turkish Cargonyň uçýan nokatlarynyň sanynyň 85-e ýetendigi ýazylýar.

Star gazedi: “Türkiýe we Russiýa oba-hojalyk pudagy boýunça birnäçe şertnama gol çekerler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Russiýanyň 5-nji sentýabrda Stambul CNR Expo sergi merkezinde geçiriljek forumda oba-hojalyk şertnamalaryna gol çekmäge taýýarlyk görýändigini mälim edýär. Gazet "Food Stambul" sergisinden soň, DEIK tarapyndan gurnalan Türkiýe-Russiýa Işewürler geňeşiniň çäginde iki ýurdyň arasynda tekstil, mebel, demir-polat, azyk, oba-hojalyk we maşyn pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli forumyň geçiriljekdigi beýan edilýär. Habarda forumyň çäginde iki ýurdyň arasynda oba-hojalyk pudagy boýunça birnäçe şertnama gol çekiljekdigi nygtalýar.

Sabah: “Syýahatçylar Pamukkale haýran” söz başyly habarynda, Denizli welaýatynyň ak jennedi Pamukkalede b.e. soň 60-njy ýylda ýer titreme sebäpli emele gelen we Müsüriň Şazenany Kleopatranyň suwa düşendigi aýdylýan Kleopatra howuzynyň sebite gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kleopatranyň gözellik howuzy diýip hem tanalýan antik howuza ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar bilen birlikde dürli-dürli kesellere şypa gözleýän adamlaryň gelýändigini belleýär. Rowaýatlara görä Merýem ene, Efese barýarka näsag gözlerini Pamukkaledäki suwa ýuwandygy we gözleriniň gowulaşandygy aýdylýar.

Hürriýet gazedi: “Boýewik filmleriniň meşhur aktýory Žan Klod Wan Damm Türkiýäni öwdi” söz başyly habarynda, sylag berilşik dabaralaryň birine emin agza bolmak üçin Antalýa çagyrylan Žan Klod Wan Dammyň Türkiýe baradaky pikirlerini paýlaşandygyny habar berýär. “Türkleri açykgöwünli we mähirli görýärin” diýen Žan Klod Wan Damm türk naharlary barada bolsa: “Ajaýyp! Bu ýerde maňa örän gowy naharlary hödür etdiler welin, haýsynyň tarypyny ýetirmek islesem az bolar. Esasan hem tas kebabyny haladym” diýdi. Žan Klod Wan Damm öňümizdäki ýyllarda tekstil işine girmegi pikir edýändigini mälim etdi.


Etiketkalar: Türkiýe , Russiýa , gazet , Star

Degişli Habarlar