Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1018123
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “Albaýrak köp ugurly ykdysady diplomatiýa başladýarys” söz başyly habarynda Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň durnukly ösüşiň maksat edinilýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ministr Albaýrak “Bazarlar bilen ylalaşykly ýagdaýda özara bähbide laýyklykda işleris. Köp ugurly ykdysady diplomatiýa başladýarys” diýdi.

“Star” gazeti “TürkAkym taslamasynda kenarýaka geçişi üçin gurluşyk işlerine başlandy” söz başyly habarynda ýekşenbe güni rus gazyny Türkiýä we Türkiýeden üstaşyr Ýewropa ýetirjek TürkAkym tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň Kyýyköý kenaryndaky kenarýaka geçişi üçin gurluşyk işlerine başlanandygyny habar berýär.

“Star” gazeti “Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 34 göterim artdy” söz başyly habarynda syýahatçylygyň paýtagty hasaplanylýan Antalýa soňky 6 aýda howa ýoly arkaly gelen ýolagçylaryň sanynyň 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34 göterim artyp 6 million 199 müň 361 adama ýetendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär” söz başyly habarynda Günbatar Garadeňiziň hünjisi Düzje welaýatynyň Akçakoja etrabynyň 30 kilometr uzynlygyndaky plažlarynyň syýahatçylardan dolandygyny ýazýar.

Deňsiz taýsyz gözellige eýe bolan plažlaryň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Merkelden Özile: sarpa goýýaryn, gaty köp zat etdi” söz başyly habarynda asly türk futbolçy Mesut Öziliň Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komandasyndan aýrylmak baradaky karary barada beýanat beren Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň “Mesut Öziliň kararyna sarpa goýýaryn” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar