Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1001469
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Şimşek ilkinji duýduryşy berdi: Ýokary depginli ösüşe taýar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Mehmet Şimşegiň täze dolanşyk ulgamy barada beren beýanatynda Türkiýäniň ykdysady taýdan uly ösüşe eýe boljakdygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Zeýbekji: ABŞ-nyň karary bizi gyzyklandyrmaýar” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ABŞ-nyň hyzmatdaşlaryna Eýrandan edilýän nebit importyny 4-nji noýabra çenli bes etmek baradaky çagyryşna: “ABŞ-nyň karary bizi gyzyklandyrmaýar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Duz köli tebigy gaz ammarynyň 1,2 milliard dollarlyk karz ylalaşygyna gol çekişildi” söz başyly habarynda, Duz köli tebigy gaz ammarynyň giňeldilmegi üçin halkara maliýe guramalary bilen jemi 1,2 milliard dollara barabar karz şertnamasynyň baglaşylandygyny, gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Energetika ministri Berat Albaýragyň: “Türkiýäniň milli energetika we magdan syýasatyny yglan etdik” diýendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Bodrumdan deňizden syýahatçy ýagdy” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna 2018-nji ýylda ikinji saparyny amala aşyran Malta degişli “Mein Skiff 2” atly ýolagçy gämisi bilen 2,077 nemes syýahatçysynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýene gelerin” söz başyly habarynda, estradanyň meşhur zenan wokallaryndan biri bolan Anastasiýanyň dünýä gastrolynyň çäginde Türkiýede bolandygyny mälim edýär. gazet Amerikaly aýdymçynyň öňňin agşam Bodrumda beren konsertinde Bodrumy diýseň halandygyny nygtap; “Ozal Stambula gelipdim. Emma Bodrum başgaça. İlki bada “Bärisi Türkiýemi diýdim.” Şu gün şapagy gördüňizmi? Nähili ajaýypdy. Hökman ýene gelerin” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar