Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

995728
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Ýyldyrymdan ABŞ-niň F-35 kararyna berk reaksiýa” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ABŞ-nyň Türkiýä ýarag satylmagyny saklaýan kararynyň strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigini aýdandygyny habar berýär. Gazet ABŞ-nyň karary barada metbugata beýanat beren Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň: “Türkiýe alternatiwsiz däl. Biz degişli çäreleri görýäris. Goranyş senagatynda milli we ýerli taslamalara gönükdik. Embargo strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: “Eýrandan Türkiýä goldaw” söz başyly habarynda, Eýranyň Mejlisiniň Milli howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Muhammed Jewad Jemali Nubendeganiniň Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-a garşy alyp barýan göreşini goldaýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär.

Sabah gazedi: “Trabzon syýahatçylygy hereketlendi” söz başyly habarynda, şu ýylyň başyndan bäri Trabzona aglabasy Pars aýlagy ýurtlaryndan gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 100 müňden geçendigini nygtaýar. Habarda Trabzonda iýun aýynda myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň 80 göterime çenli baryp ýetendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň ilkinji metro eksporty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji metro ulagy eksportynyň  Taýlanda edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 4 wagondan ybarat taslamanyň önümçiligini öz üstüne alan Bozankaýa kärhanasynyň ilkinji metrony dabara bilen taýlandly resmilere berendigini beýan edýär.

Watan gazedi: “Wan-Töwriz otly gatnawlary ýaňadandan başlady” söz başyly habarynda, Wanda howpsyzlyk sebäpli arakesme berilen Wan-Töwriz otly gatnawlarynyň 3 ýyldan soň ýaňadandan başlandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar