Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

995009
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Manbijde patrullyk edilmäge başlandy” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Samsunda eden çykyşynda türk esgerleriniň Siriýanyň Manbij sebitinde patrullyk etmäge başlandygyny aýdandygyny habar berýär.

Hürriýet gazedi: “Türk çereşnýasyna olimpiada dopingi” söz başyly habarynda, Dünýä kubogynyň geçirilýän ýeri bolan Russiýa çereşnýä eksportynyň 17-nji iýuna çenli geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 117 göterim artyp, 12 müň 900 tonna ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet daşary ýurda iberilen 45 müň 196 tonna türk çereşnýasynyň 28 göterimini Russiýanyň alandygyny belleýär.

Star gazedi: “Dünýäniň iň uly gurluşyk gämisi Dardanel bogazyndan geçdi” söz başyly habarynda, Türk Akymy taslamasynyň deňiziň çuň ýerlerindäki bölümini guran dünýäniň iň uly gurluşyk gämisi Pioneering Spiritiň Dardanel bogazyndan geçendigini habar berýär.

Ýeni şafak gazedi: “Işsiz adamlaryň sany azalýar” söz başyly habarynda, Türkiýede işsiz adamlaryň sany mart aýynda geçen ýylyň mart aýyna garanyňda 1,6 göterim azalyp, 10,1 göterime ýetendigini mälim edýär. Gazet ady agzalan döwürde işsiz adamlaryň sany 432 müň adam azalyp, 3 million 210 müň adama ýetendigini nygtaýar. Habarda iş dünýäsiniň wekilleriniň we ykdysadyýetçileriň işsizligiň ýakyn wagtda 1 sanly derejä ýetjekdigini aýdýandyklary ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “Demirgazyk Egeý deňiziniň dür-dänesinde baýramçylyk” söz başyly habarynda, Demirgazyk Egeý deňiziniň dür-dänesi hökmünde häsýetlendirilýän Balykesir welaýatynyň Edremit aýlagynda myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň Oraza baýramy günlerinde ýokary bolandygyny beýan edýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #Russiýa

Degişli Habarlar