Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

949717
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Prezidenti R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Przidentiň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannama görä Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Tramp giç ara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdylar. Ak Tamdan berilen beýannamada bolsa; “Liderler gün tertibindäki meseleler boýunça aragatnaşygy dowam etdirerler” diýilýär.

“Star” gazeti “Türkiýe ykdysady oýuny puja çykardy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň käbir töwerekleriň ähli taraplaýyn ösýän Türkiýä zeper ýetirmek üçin esasanda ykdysady pudaga oýnalan oýunlary puja çykarandygyny, onuň şeýle bolmaga-da dowam etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Habarda käbir töwerekleriň terror we walýuta kursy ýaly serişdelerden peýdalanýandyklaryny nygtan Erdoganyň Türkiýä ykdysady taýdan operasiýa guralandygyny nygtap, pespäl oýunlaryň arkasynda durýanlara: “Hötdesinden gelip bilmersiňiz” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Eýranyň Türkiýe boýun almasy” söz başyly habarynda, Eýran-Katar Bilelikdäki Söwda birleşmesinin başlygy Adnan Musapuryň Türkiýäniň diplomatik we ykdysady şertlerinden peýdalanyp, Kataryň bazarynda berk pozisiýa eýeländiklerine ünsi çekip; “Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasynda ýüze çykan dartgynlykdan soň Kataryň bazarynda Türkiýe güýçli pozisiýa eýeledi. Soň Ýewropa ýurtlary gelýär, soň bolsa Eýran” diýendigini mälim edýär. Gazet, Adnan Musapuryň Türkiýäniň transport, bank ulgamynda we eksportçylary goldamakdaky şertleri bilen sebitde dörän mümkinçiliklerden peýdalanandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Zeýtun Şahasy” geçelgesi maýda açylar” söz başyly habarynda, Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçiniň Siriýanyň terrordan saplanan Afrin etrabyna ynsanperwe kömegini ýetirmek üçin meýilleşdirilen Zeýtun şahasy gümrük geçelgesiniň maýy aýynyň ortalarynda açyljakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “İtaliýada Jengiz Ünder ýeli” söz başyly habarynda, Çempionlar ligasynyn çärýek finalynyň jogap oýnunda Rimiň birinji oýunda Barselonany 3-0 hasabynda utup, adyny ýarym finala ýazydyrandygyny mälim edýar. Gazet Rimi finala çykaran goluň asistini türk milli türgeni Jengiz Ünderiň amala aşyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar