Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

923653
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “PKK-nyň Ortaýer deňizi hyýaly puja çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG tarapyndan basylyp alynan Afriniň Raju etrapçasyny terrorçylardan saplandygyny habar berýär. Gazet şeýlelik bilen sebitde köp sanda esgeri, polisiýa işgärini we asuda ilaty öldüren PKK-nyň Hataý welaýatynyň Amanos daglarynyň üsti bilen Ortaýer deňizine geçiş hyýalynyň puja çykandygyny belleýär. Habarda Afriniň PÝD-ÝPG-niň gözegçiligi astyna geçmeginden soň PKK-ly terrorçylaryň tomus aýlarynda Hataý welaýatynyň obalyk ýerlerine geçip hüjümlerini guran bolsa, gyş aýlary PÝD-ÝPG-li hökmünde Raju, Şeýh Hadid we Bülbül etrapçalaryna barýandyklary beýan edildi.

Watan gazedi: “Akkuýu ýadro desgasynyň gurluşygy aprel aýynda başlar” söz başyly habarynda, Russiýanyň Rosatom gullugynyň başlygy Alekseý Lihaçew Mersinde ýerleşjek Akkuýu ýadro desgasynyň gurluşygynyň aprel aýynda başlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň ilkinji ýadro desgasy boljak we 20 milliard dollarlyk çykdasyjy boljak Akkuýu ýadro desgasy üçin oktýabr aýynyň ahyrynda çäkli iş rugsadynyň alynandygyny nygtaýar. Habarda 4 aýry reaktordan ybarat boljak Akkuýu ýadro desgasynyň ilkinjisiniň 2023-nji ýylda, beýleki reaktorlarynyň bolsa 1 ýyl aralyklar bilen işläp başlajakdygy ýazylýar.

Habertürk gazedi: “Russiýa miwe we gök-önüm eksportynda maksat uly” söz başyly habarynda, Russiýanyň burç, badamjan, latuk salady, nar we kädi importyna garşy girizilen çäklendirmäniň şu gün aýryljakdygy baradaky beýanatynyň miwe we gök-önüm pudagynyň wekillerini umytlandyrandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň Russiýa eden miwe we gök önüm eksportynyň 2018-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 65 göterim artyp, 66 million dollardan 109 million dollara çenli ýokarlandygyna ünsi çekýär. Ýyllara üns berilende bolsa Türkiýe, Russiýa 2014-nji ýylda 938 million dollarlyk, 2015-nji ýylda 877 million dollarlyk, 2016-njy ýylda 331 million dollarlyk we 2017-nji ýylda 638 million dollarlyk miwe we gök-önüm eksport etdi.  

Ýeni Şafak gazedi: “Eýranly 100 müň syýahatçy gelýär” söz başyly habarynda, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi we geçirilen tanyşdyrylyş işleriniň netijesinde Eýrandan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň artýandygyny habar berýär. Gazet eýranly syýahatçylaryň Wana dynç almaga gelmekleri we edýän söwdalary sebäpli sebitiň janlanýandygyny belleýär. Gazet myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň 80 göterime çenli çykan şäherde telekeçileriň “Wan Shopping Fest söwda günleri” festiwalyna taýarlanýandygyny nygtaýar.

Sabah gazedi: “Türkiýe maýa goýum şertleriniň iň gowy ýurtlaryndan biri” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň geçiren ylmy-derňewlerine görä 2018-nji ýylda maýa goýum şertleriniň iň gowy ýurtlarynyň sanawynyň taýarlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda sanawda Türkiýäniň hem bardygy mälim edilýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #PÝD , #ÝPG , #PKK , #Amanos , #Afrin

Degişli Habarlar