Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

881468
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “S-400 Raketa Goranyş Polk Serkerdeligi Dörediler” söz başyly habarynda, Türkiýäni raketa goranyşy bilen üpjün S-400 taslamasynda harby düzümiň gurluşynyň hem kesgitlenýändigini, S-400 ulgamynyň polk serkerdeligi 2 batalondan we 4 bölümden ybarat boljakdygyny mälim edýär. ulgamyň ähli enjamlary tekerli ulaglara ornaşdyrylýar. Şeýlelikde gerek bolan halatynda degişli ýerlere ugradylyp bilner. S-400 ulgamynyň dolanşygy dolulygyna Türkiýede bolar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk esgeriniň strategiýasy PKK-ny ýok etme sepgidine ýetdi” söz başyly habarynda, Türk harby güýçleriniň operasiýalary bilen soňky bir ýylyň dowamynda 1,212 sany öli, jemi 2,207 PKK terrorçysynyň tasirsiz ýagdaýa getirilmegi sebäpli PKK-nyň Yragyň Kandil etrabynda ornaşan ýolbaşçylaryna hem agyr zarba urlandygyny, terror toparlarynyň ýolbaşçylarynyň özara gepleşiklerinde türk esgeriniň her gün täze usullar we göçümler bilen göreş metodyny üýtgetmegi netijesinde terrorçylaryň agyr ýitgi çekendigini boýun alandyklary mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “Maksat ilki Ortaýer soň bolsa Gara deňiz” söz başyly habarynda, İtaliýanyň “Milan Finanza” gazetine makala ýazan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Türkiýäniň Ortaýer we Gara denizlerinde nebit hem-de tebigy gaz gözleg işleriniň dowam edýändigine ünsi çekendigini ýazýar. Gazet Ortaýer deňzinde seismiki barlaglar üçin düýpli taýarlyklaryň görülendigini beýan eden Albaýragyň geljek Gara deňizde-de şeýle işleriň alynyp barylmagynyň meýilleşdirilýändigini ýazandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Şäher merkezine ulag çäklendirmesi” söz başyy habarynda, 2017-2023-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin “Milli energetika tygşytlylygy maksatnamasynyň” düýn Resmi gazetde çap edilendigine ünsleri çekýär. Habarda maksatnama görä awtoulaglaryň şäher merkezlerine gelmegini çäklendiriji çäreleriň görüljekdigi, duralga tölegleriniň şäher gatnawynyň köp bolan ýerlerinde gymmat, asuda bolan ýerlerinde arzan boljakdygy, döwlet we hususy edara kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň serwis ulaglarynyň hem geliş-gidiş sagatlarynyň tapgyrlaýyn häsýetde ýola goýuljakdygy nygtalýar.

“Watan” gazeti “Jenk Tosun rekord şahadatnama tölegi bilen Ewertonda” söz başyly habarynda, futbolçy Jenk Tosunyň iňlis futbol kluby Ewertona geçmek baradaky ylalaşygyň gazanylandygyny, Beşiktaşyň başlygy Fikret Ormanyň Londonda geçiren duşuşyklary netijesinde gazanylan ylalaşygyň netijesdinde Beşiktaşa 25 million ýewro tölenjekdigi mälim edilýär.



Degişli Habarlar