Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

792345
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Beýannamalaryna ähmiýet berilmeli däl” Prezident metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Gümrük bileleşigi baradaky ylalaşyga üýtgetme girizmezlik baradaky beýannamasyna; “Germaniýada dowam edýän saýlaw şertlerinde berilendigini pikir edýän beýannamamyz. Beýle uly ähmiýet berilmeli däl” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB-ne agza ýurtlardan biriniň ÝB-niň ähli düzümlerine görkezme berýän ýaly çemeleşmeginiň nädogrydygyny aýdan Kalynyň; “Gümrük bileleşigi ylalaşygy özara bähbit esasyna görä kabul edilen ylalaşyk. Ol bökdelen, bes edilen halatynda diňe bir Türkiýe däl, eýsem Ýewropa ýurtlary hem zyýan çeker” diýen sözlerini çap edýar.

“Watan” gazeti “Eýran-Türkiýe maglumat alyşar” söz başyly habarynda, Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general Muhammed Bakyriniň Türkiýede sapary barada Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda iki ýurduň terrorçylyga garşy göreşde maglumat alyşjakdygyny we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Habarda harby hyzmatdaşlyk we serhet howpsyzlygy boýunça iki ýurduň doly ylalaşandygyny aýdan Bakyriniň; “Bilelikde tälim geçirmek we talyp çalşygy barada ylalaşdyk. İki ýurduň deňiz floty gezekleşikli saparlary amala aşyrar. Harby türgenleşiklere synçylaryny ugradar” diýen sözleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Gül nemes kärdeşi bilen söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Adalat ministri Abdulhamit Gülüň nemes kärdeşi Heiko Maas bilen 1 sagada golaý dowam eden telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, ministrlikden berilen beýannamada; “iki ýurduň arasyndaky köpugurly meseleleriň we özara ýuridiki hyzmatdaşlygyň ara alanyp maslahatlaşylan söhbetdeşligi diýseň netijeli geçdi” diýilýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Gerkulesiň lahidi 6-njy sentýabrda geler” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň başlangyjy netijesinde Şweýsariýadan yzyna berilmegi boýunça ylalaşylan Gerkulesiň lahidiniň” 6-nji sentýabrda Türkiýä getiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Taryhy biziň eýýamymyzdan ozalky 2-nji asyra çenli uzap gidýän we 50 ýyldan gowrak wagt son dogduk diýaryna dolanyp geljek Gerkulesiň lahidiniň Antalýa muzeýinde sergilenjekdigi mälim edilýär.



Degişli Habarlar