Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

791672
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Beştepede ýokary maslahat” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakyrini Prezidentiň kompleksinde kabul edendigini ýazýar.

Türkiýede saparda bolýan Eýranyň Baş ştabynyň başlygy resmi saparynyň çäginde Goranmak ministri Nurettin Janikli we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan bilen hem duşuşdy.

Bakyrynyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň we Siriýanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseler bilen birlikde terrora garşy göreş we Türkiýe-Eýran serhedinde gurlan howpsyzlyk diwary ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan Iýordaniýada saparda bolar” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň 21-nji awgustda İýordaniýa bir günlük sapar gurajakdygyny habar berýär.

Iýordan Şasy Abdullah 2-nji bilen duşuşjak Erdoganyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Siriýadaky, Yrakdaky we Palestinadaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Nota berdik” söz başyly habarynda  Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň günäkärlerinden biri guramanyň harby howa güýçlerindäki ýolbaşçysy hökmünde bilinýän gaçgak Adil Öksüziň Germaniýada görlendigi hakyndaky habarlardan soň Türkiýäniň Germaniýa nota berip habar hakynda giňişleýin maglumat sorandygyny aýan edýär.

Türkiýe Germaniýa beren notasy arkaly Öksüziň Germaniýada bolan halatynda tussag edilip yzyna ugradylmagyny isledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “FETÖ gaçgagy Adil Öksüziň Germaniýadadygy hatda nirede ýaşaýandygy hakynda käbir habarlar çykmaga başlady. Biz hem Daşary işler ministrligi hökmünde Germaniýa resmi taýdan nota berdik. Eger Adil Öksüz Germaniýada ýaşaýan bolsa gysga wagtda tussag edilip Türkiýä yzyna berilmegini isledik” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Gatnaşyklary kadalaşdyralyň” söz başyly habarynda Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Estoniýanyň Premýer ministri Žuri Ratasy Çankaýa köşgünde kabul edendigini habar berýär.

Özara duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Premýer ministr Binaly Ýyldyrym ÝB-niň Siriýaly bosgunlar üçin 3 milliard ýewrolyk ynsanperwer kömeginiň berilmegi barada wada berendigini emma häzire çenli diňe 800 million ýewrolyk ynsanperwer kömeginiň berlendigi sebäpli etabyň depgininiň güýçlendirilmegini isledi.



Degişli Habarlar