Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýa

690148
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Prezident Erdogan: Jogabyny bererler” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň türk syýasatçylara garşy eden hereketine berk reaksiýa bildiren Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň: “Meniň ministrime kada bap gelmeýän hereket edenler onuň jogabyny bererler. Meniň Gollandiýadaky raýatlarymyň üstüne atlar bilen ýöränler onuň jogabyny bererler. Diplomatiýa nämedigini hem öwrenerler. Ol ýerdäki raýatlaryma seslenýärin: Goňşularyňyzy alyp Türkiýä geliň, myhmansöýerlik näme görsünler” diýendigini habar berýär. Gazet çarşenbe güni Gollandiýada geçiriljek umumy saýlawlara ünsleri çeken Prezident Erdoganyň Gollandiýadaky 250 müň türk raýatyna muny edenlere garşy türk saýlawçylaryň gerek bolan jogaby berjekdigini bilýändigini aýdandygyny beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Çawuşogly: Ötünç soramak ýeterlik bolmaz” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Mez şäherinde türkler bilen duşuşan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýany Gollandiýanyň polisiýa işgärleriniň Rotterdam şäherinde Türkiýäniň konsullygyna girmegine rugsat bermezliginiň Wena ylalaşygyna ters gelýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet konsullygyň Türkiýäniň territoriýasydygyna ünsleri çeken Çawuşoglynyň Türkiýäniň bir ministriniň konsullyga girmegine rugsat berilmezligini, işgärleriň hem daşaryk çykmagyna rugsat berilmezliginiň dolulygyna rasist hereketdigini, daşary ýurt duşmançylykdygyny, yslam duşmanydygyny we azatlyklara ters gelýändigini aýdandygyny belleýär. Habarda Gollandiýanyň bu herekedi sebäpli ötünç soramagynyň ýeterlik däldigini, jogabynyň beriljekdigini aýdan Çawuşoglynyň Gollandiýanyň ilçisiniň hem 2 gün ozal Türkiýeden çykandygyny, gelmegini islemeýändiklerini gollandiýaly resmilere aýdandyklaryny nygtaýar.

Sabah gazedi: “Ähli azatlyklary basgyladylar” söz başyly habarynda, Maşgala we sosial syýasatlar ministri Kaýanyň Gollandiýada bolup geçen wakalary başdan-aýak düşündirendigini mälim edýär. Gazet Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň adatdan daşary ýagdaý yglan etdik diýenleriň, bir gijäň içinde adatdan daşary ýagdaý yglan edendiklerini aýdan ministr Kaýanyň hem diplomatik hem-de adamzada bap gelmeýän hereketleriň bütin dünýäde ýazgarylmagynyň möhümdigini belländigini ýazýar.

Hürriýet gazedi: “Elhençlik” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny ýurda salmaýan, Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýany ýurtdan çykaran Gollandiýa garşy bildirilýän reaksiýalaryň dowam edýändigini habar berýär. Gazet Gollandiýanyň polisiýa işgärleriniň ol gün gije adamlaryň üstüne atlar bilen ýörändigi, itleri salandygy, taýak we suw ulanandygy sebäpli 7 adamyň ýaralanandygyny, 12 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygyny nygtaýar

Watan gazedi: “Adamzat ýerlerde” söz başyly habarynda, Türkiýä hemişe adam hukuklary babatynda sapak berýän Gollandiýanyň parahat ýagdaýda demonsatrasiýa geçirýän türklere garşy itleri salandygyny, atlary bilen adamlaryň üstüne ýörändigini we taýak bilen ýenjendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar