Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

659525
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Täze konstitutsiýa teklibi üçin iň tiz wagtda taýarlyklara başlanar” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň parlamentde kabul edilen Prezident ulgamy bilen baglanşykly konstitutsiýa üýtgeşiklik girizmeklik baradaky teklibi Afrika saparyndan Türkiýä gaýdyp geleninden soň ele aljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Erdoganyň düýn beren beýanatynda: “Şu gün agşam nesip bolsa ýurduma gaýdyp bararyn. Mejlisiň Prezident diwanyna parlamentdäki gepleşikleriň netijelerini ýetirendir diýip pikir edýärin. Işleri iň tiz wagtda netijelendireris, karary uzaltman bereris. Sebäbi milletimiň islegi şoldyr” diýendigini belleýär.

Star gazedi: “Ýyldyrym: Türkiýede işler kadalaşar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň dollardaky bu artyşyň wagtlaýyndygyny, öňümizdäki günlerde ähli zadyň ýerine oturjakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet işewür adamlara “Maýa goýumlaryňyzy dowam etdiriň” diýip çagyryş beren Ýyldyrymyň şu günki günlerde Türkiýä garşy garalama kampaniýasynyň geçirilýändigine ünsleri çekip: “Aýralykçy terror guramasy we FETÖ hem Ýewropada hem-de Amerikada köp mukdarda pul serişdesini çykaryp lobbiçlik işlerini ýerine ýetirýär. 15-nji iýulda, 17-nji dekabrda edip bilmediklerini we PKK çukurlar we şäherleri gabamak bilen hem başaryp bilmedi, indi bolsa ykdysadyýeti kyn ýagdaýa salmagy meýilleşdirýärler. Biz bulary bilýäris, emma ony başaryp bilmezler” diýendigini nygtaýar.

 

Watan gazedi: “Premýer minsitr Ýyldyrymdan Trampa ýüzlenme: Tejribe gerek bolsa biz bärde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň türk hökümetiniň ABŞ-nyň täze Prezidenti Donald Trampa tejribeleri bilen paýlaşmaga taýardygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş eden Premýer ministr Ýyldyrymyň ABŞ-nyň Prezidenti Trampa beren sözlerini ýatladyp: “Tramp demir ýollary, gara ýollary, howa menzilleri gurjak diýip iň wajyp taslamalaryny mälim etdi. Biz taýar. Tejribelerimiz bilen paýlaşyp bileris. Oýun edemok, ABŞ-da ýokary tizlikli otly ýok, bizde bar” diýip belländigini ýazýar. Habarda Binali Ýyldyrymyň Aziýa bilen Ýewropany we Izmit aýlagyny biri-biri bilen birleşdiren Ýawuz Soltan Selim köprüsi, Osman Gazy köprüsi bilen birlikde 19 müň kilometr gara ýol, 26 sany howa menzili ýaly uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini ýatladandygyny aýdýar. Gazet Ýyldyrymyň: “Türkiýä hiç kim ters seretmesin. Berlin howa menziliniň açylyş dabarasy eýýäm 6-njy gezek yza süýşürilýär, emma dünýäniň iň uly howa menziliniň ilkinji etabynyň açylyşy nesip bolsa 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda bolar” diýendigini beýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Emine Erdogan Afrika bilen ýüregimiz bir” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Afrika saparyna ýoldaşlyk eden aýaly Emine Erdoganyň ol ýurtlarda birnäçe duşuşyklar geçirendigini habar berýär. Gazet Emine Erdoganyň Tanzaniýanyň paýtagty Darussalamda Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugynyň (TIKA) ofisini açandygyna ünsi çekýär. Habarda TIKA tarapyndan abatlanan Tanzaniýanyň Milli muzeýine hem baryp gören Emine Erdoganyň TIKA-nyň Türkiýäniň Afrika matergine uzan dostlykly elidigini aýdandygy bellenýär. Gazet Emine Erdoganyň Mozambikde bolsa ýetimler öýüne baryp, ol ýerdäki çagalara sowgat berendigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Musulman bolan Lindseý Lohan ýenede Stambula geldi” söz başyly habarynda, Amerikaly meşhur aktrisa, aýdymçy we ýazyjy Lindseý Lohanyň Stambula haýrandygyny mälim edýär. Gazet birnäçe gün ozal Stambula gelen we dostlarynyň biri bilen nahar iýen meşhur aktrisanyň başatgyjy bilen ünsleri özüne çekendigini nygtaýar. Habarda geçen ýyl Gaziantep welaýatynda bosgunlar bilen geçiren duşuşygynda başatgyç geýen meşhur ýyldyz musulmanlygy kabul edeninden soň bolsa Instagram hasabyndaky suratlarynyň ählsini aýyrandygy beýan edilýär.


Etiketkalar: #FETÖ , #PKK , #Ýewropa , #Amerika

Degişli Habarlar