Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

633310
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazeti: “Prezident Erdogan: Milletim jebislige tarap ýörär” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Trabzonda Şenol Güneş sport kompleksiniň açylyş dabarasynda: “Kaýseride guralan hyýanatçylykly hüjüm şu günki begenjimizi bozdy. 1,5 ýyl bäri guralýan terrorçylykly hüjümler sebäpli dolulygyna begenip bilemzok. Isledigiňiz saýyn hüjüm guraň, bu milleti hiç wagt bölüp bilmersiňiz. Men olaryň terrora tarap ugrukdygy saýyn, milletimiň jebislige tarap ýörejekdigine we has hem güýçli boljakdygyna ynanýaryn” diýendigini habar berýär.

Haber Türk gazeti: “Terrora garşy egin-egine ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, düýn Kaýseride geçen hepdäniň şenbe güni guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan 14 esgeriň jynaza çäreleriniň geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şehit esger Ýunus Emre Duranyň Ankaranyň Akseki metjidinde guralan jynazasyna Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň, Respublikan halk partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdaroglynyň, Milletçi hereket partiýasynyň lideri Dewlet Bahçeliniň gatnaşandygyny belleýär. Habarda watana bolan gulluk borjuny tamamlamagyna 1 aý galan şehit esgeriň kakasy Mahmut Duranyň jynaza ulagynyň geçýän wagt Ýyldyrymyň we Kylçdaroglynyň ellerinden tutup: “Indi jebislik wagty” diýendigi beýan edilýär.

Sabah gazeti: “Günorta-gündogar Anadolynyň halky PKK-a garşy ýöriş gurady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy baýdagyny açandygyny mälim edýär. Gazet Antalýadan Ýalowaýa, Sakarýadan Karabüke çenli ýurduň ençeme welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň näletlenendigini, jebis bolmaklyk barada çagyryş berilendigini nygtaýar. Habarda Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyndaky ýörişe howanyň sowuk bolmagyna garamazdan 3 müň adamyň gatnaşandygy ýazylýar. Gazet Türkiýäniň baýdagyny göteren adamlaryň: “Şehitler ölmez, watan bölünmez”, “Ýok bolsun PKK” ýaly şygarlary aýdandyklaryna ünsi çekýär. Gazet Diýarbakyrda Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylygynda geçirilen protest ýörişinde 100 metr uzynlygyndaky türk baýdagynyň göterilendigini, protest ýörişleriň Mardin welaýatynyň Midýat, Şyrnak welaýatynyň Jizre we Hakkariniň Çukurja etraplarynda hem guralandygyny belleýär.

Watan gazeti: “Dünýäniň iň gowysy hökmünde saýlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň husus pudak tarapyndan durmuşa geçirilen şäheri özgertme taslamasy bolan Piýalepaşa Stambul taslamasynyň International Property Awards sylag berilşik dabarasynda Ýewropanyň, indi bolsa dünýäniň iň gowy taslamasy hökmünde saýlanandygyny nygtaýar. Habarda Piýalepaşa Stambulyň “Dünýäniň iň gowy içerki arhitektura dizaýny göreldeli otagy” sylagyna laýyk görülendigi habar berýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Bergisi milli girdejiden köp” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ýyllyk 18,5 trillion milli girdejisine garşy, hususy pudagy hasaba alynman halatynda 19,9 trillion bergisiniň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýaponiýanyň 1 trillion 132 milliard dollar, Hytaýyň bolsa 1 trillion 116 milliard dollarlyk ABŞ-na degişli obligasiýalaryň we wekselleriniň bardygyny, Türkiýede bolsa ABŞ-na degişli 58,3 milliard dollarlyk obligasiýa we wekselleriň bardygyny beýan edýär. Habarda şolaryň 23,6 milliard dollarynyň uzak möhletli, 34,7 milliard dollarynyň bolsa gysga möhletli barlykdan ybaratdygy mälim edilýär. Gazet geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 3,6 milliard dollarlyk peselişe garamazdan Türkiýäniň ABŞ-na bergili ýurtlaryň arasynda 23-nji orundadygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar