Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

603834
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazeti: “Germaniýa terrora goldaw berýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň düýn Prezident kompleksinde “Ýaşaýan adam hazynalary” atly çärede eden çykyşynda Germaniýa gaçyp baran Fetullahçy terror guramasy FETÖ agzalarynyň yzyna gaýtarylyp berilmejekedigini aýdýan Germaniýanyň Adalat ministri Heiko Maasa nägilelik bildirip: “Germaniýanyň bu hereketine alada bilen syn edýäris. Germaniýa terrora goldaw berýär. Terror belasy bumerang ýalydyr, geler size hem zeper ýetirer. Terror guramalary içýan ýalydyr. Ahyrynda elinde göterýänini hem çakar” diýendigini mälim edýär.

Star gazeti: “FETÖ-niň köki gopýança çenli Adatdan daşary ýagdaý” söz başyly habarynda, ÝB ministri Ömer Çeligiň Afinyda Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşanyndan soň beren beýanatynda: “Fetullahçy terror guramasynyň köküniň gopýança çenli operasiýalarymyza dowam etdirimelidiris, şol sebäpli Adatdan daşary ýagdaý (OHAL) dowam eder. Harby agdarlyşyk synanyşygyna 4 aý geçmegine garamazdan entegem Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker Türkiýä sapar guramady. Ýewropa Bileleşiginden Türkiýä garşy berilýän beýanatlar kabul edilip bilinmez. Generallaryň 1/3 bölegi huntaçy çykdy, häzirki wagtda hem aýrylýanlar barka wagty bilen düzeler diýip bilmeris” diýendigini habar berýär.

Watan gazeti: “Ankara Newada ýaly uçarmansyz howa ulagy merkezi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň çäginde uçarmansyz howa ulaglary üçin täze dolandyryş we gözegçilik merkeziniň guruljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň söweş ulgamy bolan TAFICS-yň üsti bilen işlejek ähli uçarmansyz howa ulaglarynyň Ankaradaky merkezden dolandyryljakdygyny belleýär. Habarda uçarmansyz howa ulaglarynyň alýan wideolaryny merkezden göni ýaýlym bilen görüp boljakdygy we Türk Ýaragly güýçleriniň uçarmansyz howa ulaglarynyň ýeke-täk merkezden dolandyrylmagy üçin ştab gurjakdygy nygtalýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Türk nusgasy” söz başyly habarynda, Türkiýe-Afrika ykdysadyýet we işewürler forumda kabul edilen umumy beýannama görä indiki Türkiýe-Afrika ykdysadyýet we işewürler forumynyň 2018-nji ýylda Afrikada geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda forumda Afrikada täze iş orunlarynyň döredilmegi, tehnologiýa we adamlaryň ösüşine goldaw bermek maksady bilen türk kärhanalarynyň Afrikada hususy ykdysady zolaklar/logistik merkezleri gurmagyna goldaw bermek, önümçilik we iş ýerlerine kömek bermek babatynda ylalaşylandygy beýan edilýär.

Haber Türk: “Bogaziçi film festiwaly harby agdarlyşyk temasy bilen geçirilýär” söz başyly habarynda, kimotografiýany esasan hem ýaş kino muşdaklar bilen duşuşdyrmagy maksat edinýän IV Halkara Bogaziçi film festiwalynyň 10-18-nji noýabr aralygynda geçiriljekdigini habar berýär. Gazet festiwalyň başlygynyň festiwalyň şu ýylky temasynyň Tomaşaçy bolup galmadyk boljakdygyny belläp: “15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyny ele alan filmlerimiz we şonuň bilen bagly seminarlarymyz bolar” diýendigini ýazýar.



Degişli Habarlar