Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.07.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

537823
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.07.2016

Hürriýet gazeti: “Şular ýaly dowam edilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň, düýn Premýer ministr Binaly Ýyldyrym, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen duşuşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kylyçdaroglynyň we Bahçeliniň ilkinji gezek köşge barmagy bilen geçirilen duşugyň 2 sagat 40 minut dowam edendigini belleýär. Habarda duşuşygyň ahyrynda “Umumy meselelere garşy syýasy diýalog mehanizmasynyň täsirli ulanylmaga” barada karara gelinendigi ýazylýar.

Haber Türk gazeti: “Çawuşogly: Gülen gaçyp biler” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly Habertürk TV kanalyna beýanat berendigini mälim edýär. Gazet harby agdarlyşyk synayşygynyň arkasynda jedelleşiksiz Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamynyň bardygyny aýdyp, FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaçmaga synayşyp biljekdigini belläp, şol sebäpli ABŞ-nyň resmilerine duýduryş berendiklerini aýdandygyny beýan edýär.

Sabah gazeti: “Türkiýede 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli demokratiýa nobatynda” söz başyly habarynda, demokratiýa nobatynyň eýýäm 10 gün bäri dowam edýändigini habar berýär. Gazet gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta çenli ýüz müňlerçe raýatyň meýdanlarda demokratiýa nobatyna durandygyna ünsi çekýär. Habarda 100 ýaşyndaky zenandan, elindäki bäbekli enä, Türkiýedäki daşary ýurtlylardan, ministrlere çenli ýüz müňlerçe adamyň meýdanlary doldurandygy aýdylýar.

Star gazeti: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň saplanmagy Türkiýäni güýçlendirer” söz başyly habarynda, Prezidentiň Daşary syýasatdan jogapkär geňeşçisi we metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň New York Times gazedinde ýazan Harby agdarlyşyk synanyşygynyň lideri hasap bermeli atly makalasynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň dönüklerden saplanmagynyň Türkiýäni has güýçlendirjekdigini aýdandygyny malim edýär.

Watan gazeti: “Birža Stambul iň gymmatlan birža boldy” söz başyly habarynda, hepdäniň ilkinji gününde biržanyň barha gymmatlandygyny, dollaryň bolsa arzanlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Biržanyň hümmediniň 3 göterim gymmatlandygyny, dollaryň bolsa 3,02 lira çenli arzanlandygyny belleýär. Habarda BIST100 indeksiniň şeýlelik bilen golbal derejede iň gymmatlan indeksiň bolandygy nygtalýar. Gazet Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň hökümetiň ykdysady ösüşe goldaw bermek maksady bilen 10 millionlarça dollarlyk gaznanyň dörediljekdigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar