Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.07.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

536983
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.07.2016

 

“Star” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrym: Krizisde bankdan pul çekiler, halk bolsa 24 milliard dollar ýatyrdy” söz başyly habarynda 15-nji iýuldaky habary agdarlyşyk synanşygynyň netijesiz bolmagyndan soň FETÖ-nyň  ykdysady çökgünlik meýilnamasynyň hem puja çykandygyny ýazýar.

Gazet raýatlaryň banklardaky hasaplaryndan pul çekmegiň ýerine tersine walýutalaryny we altynlaryny çalşyp banklara ýatyrandygyny, şeýlelikde agdarlyşyk synanşygynyň bazarlara ýaramaz täsirini ýetirmeginiň öňüniň alynandygyny belleýär.

Gazet Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň agdarlyşyk synanşygyndan soň raýatlaryň 8 milliard dollar çalşandygy we banklara ýatyrandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Premýer ministriň Ýyldyrymyň “Bu asylly halka hiç kim oýun oýnap bilmez. 8 milliard dollar gaty köp pul. Halkymyz banklara 24 milliard lira ýatyrdy. Krizislerde halk banklardan pul çeker, biziň halkymyz bolsa banklara pul ýatyrýar. İnha biz şeýle tapawutly halk” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti İşewwür adamlaryň agdarlyşyk synanşygynyň öňüniň alynmagyndan soň Türkiýäniň ozalkysyndan has güýçli boljakdygyna ynanýandygyny mälim edýär.

Gazet FETÖ-nyň harby agdarlyşyk synanşygynyň öňüniň alynamgyndan soň türk ykdysadyýetine geljegine umutly garaýan işewür adamlaryň berýän beýatynyň bazarlara hem uly ynam berýändigini ýazýar.

Gazet ýurduň ykdysadyýetine ynam bildirýän işewür adamlaryň maýa goýumlarynyň dowam etjekdigini, agdarlyşyk synanşygynyň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini hatda Türkiýäniň bu etapda has güýçli ýagdaýa geljekdigine ynanýandygyny ýatladýar.

“Haber Türk” gazeti “Agdarlyşyk komissiýasy gurulýar ” söz başyly habarynda TBMM-niň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan soň ähli partiýalaryň goldaw bermegine barlag komissiýasynyň gurulmagy üçin taýarlyk görýändigini habar berýär.

Gazet barlag komissiýasynyň agdarlyşyk synanşygynda esasy rol oýnan ýokary derejeli ýolbaşçylardan esgerlere çenli islän adamy bilen tussaghanada ýada daşarda duşuşyk geçirip biljekdigini nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti Adalat ministri Bekir Bozdagyň düýn Kanal 7 teleýaýlymynda eden çykyşynda “15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynyň Fetullah Güleniň görkezmesine laýyklykda edilendigine doly ynanýaryn. ABŞ hem synanşygyň Fetullah Gülen tarapyndan edilendigine, Jenap Obama öz adyny nähili bilýän bolsa onuň hem muňa doly göz ýetirýändigine ynanýar. Amerikanyň merkezi razwetka gullugynyň hem bilýändigine ynanýaryn”diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýe demokratiýa nobatyny dowam etdirýär” söz başyly habarynda Türkiýäniň çar tarapynda FETÖ tarapyndan guralan harby agdarlyşyk synanşygyna garşy “demokratiýa nobatynyň” dowam edýändigini mälim edýär.

Gazet meýdanlary dolduran ýüz müňlerçe adamyň synanşygy näletleýändigini belleýär.



Degişli Habarlar