Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

501155
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2016

“Hürriýet” gazeti “Halk terrordan saplanan ýerlere dolanyp gelmäge başlady” söz başyly habarynda, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyndaky hendekleriň ýapylmağy, barrikadalaryň aýrylmagy we etrapdaky PKK terrorçylarynyň ýok edilmegi üçin başladylan operasiýalaryň tamamlanandygyny mälim edýär. Gazet tertip-düzgüniň dolulygyna üpjün edilendigini, PKK terrorçylary sebäpli başga ýerlere göçmäge mejbur bolan raýatlaryň ýüzlerçe ulaglyk kerwen görnüşinde etraba dolanyp gelmäge başlandygyny ýazýar. Habarda indi demokratiýalaşma bilen birlikde maýa goýum, önümçilik, iş üpjünçiligi, ykdysady we sosial abatlaýyş işleriniň durmuşa geçiriljekdigi nygtalýar.

“Watan” gazeti “Rakka meýilnamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyn Türkiýäniň Siriýa barada ABŞ-na eden teklibini ilkinji gezek beýan edendigini ýazýar. Gazet meýilnamada Siriýanyň Rakka şäheriniň terror guramasy DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin türk we amerikan ýörite harby güýçleriniň bilelikde operasiýa guramagynyň göz öňünde tutulýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda sebitde Azat Siriýa Goşunynyň az hem bolsa terror guramasyna garşy öňe barýandygyny nygtan Çawuşoglynyň, ABŞ bilen bilelikde hereket edip, Jarablus liniýasynda ýene-de bir front açyp, Rakkanyň ýeňillik bilen alynyp bilinjekdigini aýdandygy mälim edilýär.

“Star” gazeti “Türkiýe Fransiýany parasatlylyga çagyrdy” söz başyly habarynda, “Ýewropa bahary” atlandyrylýan Fransiýadaky protest aksiýalarynda polisiň edýän basyşyna Türkiýäniň asuda çemeleşmek barada çagyryş berendigini ýazýar. Habarda Prezident R.T.Erdoganyň we daşary işler ministrliginiň “wakalara alada” bildirendigi nygtalýar. Gazet Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgijiň fransuz howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy barha güýçlenýän basyşyna alada bildirip, ýolbaşçylary demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmakdan çetde durmaga çagyrandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Bölekleýin söwda markalary e-eksporta başlaýar” söz başyly habarynda, türk bölekleýin söwda pudagynda onlaýn söwdada globallaşýandygyny mälim edýär. Habarda 2011-nji ýylda “GittiGidiýor” atly onlaýn söwda saýtyny satyn alyp türk bazaryna giren “eBaýyň” türk bölekleýin söwda markalarynyň harytlaryny daşary ýurtlarda satmagyny üpjün etjek ulgam döretjekdigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Zenanlaryň goşandy ýoksullygy azaldar” söz başyly habarynda, Stambulyň Söwda birleşmesiniň öňbaşçylygynda durmuşa geçirilen “Mobil çözgütleriň salgysy: Zenan” taslamasynyň çäginde tälim alan gatnaşyjylara şahadatnamalarynyň gowşurylandygyny ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň gatnaşmagyndaky dabarada çykyş eden birleşmäniň başlygy İbrahim Çaglaryň 800 ýyl ozal ilkinji zenan jemgyýetçilik guramasy bolan Bajyýany Rumy, ýagny Anadoly zenanlar bileleşigini döreden milletiň ogly bolandygyna buýsanýandygyny nygtap, zenanlaryň iş üpjünçiliginiň ýaýbaňlandyrylmagynyň ähmiýetine üns çekendigini ýazýar.


Etiketkalar: #metbugat , #syn

Degişli Habarlar