Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde gin beýan tapýar

437808
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.02.2016

“Watan" gazeti: “Duşmanyň gözi kör bolar" söz başyly habarynda, ASELSAN tarapyndan öndürilen ýerli howa goranyş ulgamy KORAL-yň Türkiýäniň harby howa güýçleriniň düzümine girizilendigini mälim edýär. Gazet täze döwrebap ulgamyň duşmanyň radarlarynyň signallaryny bulaşdyryp bilýändigini, dünýäniň birnäçe döwletinde bardygyny we 1 müňden gowrak synagdan geçendigini belleýär.

“Star" gazeti: “Wodka kellä urdy, ruslar ýalňyşlyk bilen ÝPG-li terrorçylary nyşana aldy" söz başyly habarynda, Siriýada elmydama asuda ilaty nyşana alýan Russiýanyň harby uçarlarynyň bu gezek bolsa ýalňyşlyk bilen ÝPG-li terrorçylary nyşana alyp howa hüjümini gurandygyny habar berýär. Gazet köp sanda ýitgi çeken ÝPG-niň Asada we Russiýa berk reaksiýa görkezendigini nygtaýar. Habarda rus uçarmanlaryň ýalnyş koordinasiýa sebäpli hüjüm gurandyklaryny, Asada bagly güýçleriň bolsa Russiýanyň bular ýaly ýalňyşlary ýygy-ýygydan goýberýändigini we birnäçe gün ozal bolsa rus uçarlaryň özlerine degişli wajyp ammary nyşana alandygyny aýdandyklary ýazylýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Ýewrowideniýede rus zulmy barada aýdym aýdar" söz başyly habarynda, 2016-njy ýyl Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Ukraina krymly tatar Žamalanyň wekilçilik etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet aýdymçynyň takmynan 250 müň krymly tataryň we şol sanda enesiniň 5 çagasy bilen 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda Staliniň buýrugy bilen Krymdan Orta Aziýa sürgün edilmegini öz aýdymy bilen düşündirjekdigini beýan edýär. Gazet Žamalanyň aýtjak aýdymynyň başynyň “Daşary ýurtlylar seniň öýüňe gelýär we ählimizi öldürýär" sözleri bilen başlanýandygyna, 61-nji Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň 14-nji maýda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde geçiriljekdigine ünsi çekýär.

“Sabah" gazeti: “Türkiýede öndürilen ykjam telefon 45 ýurda satylar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň markasy bolan General Mobiliň Google bilen eden hyzmatdaşlygynyň başarnykly bolmagyndan soň täze öndürilen telefonynyň şu ýylyň ahyryna çenli 45 ýurda satyljakdygyny mälim edýär. Gazet Googlyň Android One platformasynda GM 5 Plus telefony Mobil dünýä geňeşinde tanyşdyrandygyny nygtaýar. Habarda GM 5 Plus telefonynyň ekranynyň 5,5 boljakdygy, öňündäki we arkasyndaky kamerlarynyň 13 megapiksel boljakdygy we çalt zarýad aljakdygy bellenýär. Gazet aprel aýynda satylmaga başlanjak täze telefonyň Ýewropadaky bahasynyň 199 ýewro boljakdygyny aýdýar.

“Haber Türk" gazeti: “Salih Dursunyň heýkeli oturdylar" söz başyly habarynda, Galatasaraý bilen bolan bäsleşikde emin agzanyň ýalňyş beren kararlaryna nägilelik bildirip emin Deniz Ateş Bitnele gyzyl kart görkezen Trabzonspor futbol komandasynyň türgeni Salih Dursunyň heýkeliniň oturdyljakdygyny habar berýär. Gazet Ýomra etrabynyň häkimi Ibrahim Sagyroglynyň Salihiň adynyň etrapdaky köçeleriň biriniň adyna dakjakdyklaryny aýdandyklaryny, Maçka etrabynyň häkimi Koraý Koçhanyň bolsa etrapda guruljak täze seýilgähde Salihiň Deniz Ateş Bitnele gyzyl kart görkezen pursaty suratlandyrýan heýkeli oturtjakdyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar