Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

432833
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.02.2016

“Sabah" gazeti: “Raka milli gen bejergisi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Müezzinoglunyň Türkiýäniň saglygy goraýyş boýunça öňünde goýan 2023-nji ýyla çenli maksatnamasyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet taslamany ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamadan we Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kamerundan soň Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň öz hemaýasyna alandygyny belleýär. Habarda Müezzinoglynyň ABŞ-nyň Ýale uniwersitedi bilen ylalaşyk baglaşandyklaryny nygtap: “Türkiýe GENOM taslamasy adamlara ýörite berjerginiň öňüni açar. Esasan hem ragyň anyklanyşy we bejergisi üçin Türkiýede infarastruktura dörederis" diýendigini beýan edýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Mekir duzak" söz başyly habarynda, siriýaly oppozisionerleriň Mýunihde ABŞ-nyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň beýan eden od açmazlyk baradaky ylalaşygyň özlerine garşy edilýän uly duzakdygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet oppozisionerleriň ylalaşyk bilen birlikde özlerini gyrada goýulmaga synanyşylýandygyny belläp, terror guramasy PÝD-niň DAEŞ-e garşy ýeketäk güýç hökmünde galdyrylmak islenýändigini we Halapyň demyrgazygynyň Asada bagly güýçler bilen PÝD-niň arasynda bölünmek islenýändigini aýdandyklaryna ünsi çekýär. Habarda geljek howpy bilýändiklerini aýdan oppozisionerleriň Asada bagly güýçleriň PÝD-e esger we ýarag goldawyny berýändigini, ruslaryň howa hüjümleri bilen PÝD-e ýol açýandygyny, ABŞ-nyň bolsa ýarag kömegini berip “Mare liniýasy" diýilýän howpsyz sebite terror guramasy PÝD-ni ýerleşdirmek isleýändigini aýdandyklary nygtalýar.

“Haber Türk" gazeti: “Howa menzillerinde ýüz tanaýan ulgam goýular" söz başyly habarynda, gümrük geçelgelerinde gözegçiligiň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ýurda bikanun geçişleriň öňüni almak üçin howa menzillerinde “Ýüz tanaýan ulgamyň" goýuljakdygyny mälim edýär. Gazet Gümrük we söwda ministr Bülent Tüfenkçiniň: “Gümrüklerden geçenleri bellige alýarys. Gözegçilik edýäris. Nowa menzillerinde hem şeýderis. Enjamlar öňümizdäki 1-2 aýyň dowamynda geler. Howa menzillerinde X-Ray skanerler hem oturdylar. Ýükler ýolagçylar tarapyndan alynmadan ozal awtomatik ýagdaýda gözegçilik ediler" diýendigini ýazýar.

“Hürriýet" gazeti: “Wenada Köçekçe" söz başyly habarynda, Borusan Stambul filarmoniýa orkestriniň Ýewropa turyna aýdym-sazyň paýtagty Wenada beren konserdi bilen başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet konsertde Saşa Gozetzeliň “Ulwi" eseri bilen, Jemal Erkiniň bolsa “Köçekçe" eseri bilen çykyş edendigini nygtaýar. Habarda Borusan Stambul filarmoniýa orkestriniň penşenbe gününe çenli Germaniýanyň Friedrişhafen, Frankfurt we Nümberg şäherlerinde hem çykyş etjekdigi bellenýär.

“Star" gazeti: “Türk başlyk Britaniýanyň futbol komandasyny satyn aldy" söz başyly habarynda, Kaýseri welaýatynda saç öndürijiligi bilen meşgullanyp, Türkiýäniň bazarynyň 5 göterimini elinde tutan we şol bir wagtda Kaýseri Erjiýessporyň eýesi bolan Ziýa Ereniň Brtitaniýanyň Krawleý Town futbol komandasyny satyn alandygyny mälim edýär. Gazet Britan metbugatynyň: “Türk metal ägirdi iňlis klubyny satyn alma etabynda" diýip ýazandygyny habar berýär. Gazet Krawleý Townyň satyn alynandygyny we gol çekişmek üçin oňaýly wagta garaşylýandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar