Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.02.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

427233
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.02.2016

“Star” gazeti “Daşary ýurt metbugaty Türkiýedäki vakalary ulaldyp, başgaça berýär” söz başyly habarynda: “2016-njy ýyl türk syýahatçylyk pudagy üçin pursat ýyly hökmünde kabul edilýär. Syýahatçylar şu ýyl Türkiýede has amatly nyrhlardan ve has giň myhmahana şertlerinde dynç alyp bilerler. Eýrana goýulan embargonyň bes edilmegi syýahatçylygy hasam hereketlendirer. Pudagyň vekilleri daşary ýurt metbugatynyň Türkiýäniň ýerleşýän sebitindäki vakalary ýaramaz görnüşde beýan edip, negativ düşünje döretmegiň yzyna düşdi. Emma şol ýalňyş düşünjeleriň netijesizdigi beýan edilýär. Syýahatçylar Türkiýäniň daşary ýurtly syýahatçylara hödürleýän şertleri ve hili bilen ýene-de çarpaýa galjakdygyny pikir edýär” diýip ýazýar.

“Haber Türk” gazet “Obamanyň metjitde Stambul barada aýdanlary” söz başyly habarynda, ilkinji gezek bir metjide baran ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň musulmanlaryň ABŞ-nyň gurlan gününden bäri bardygyny nygtap, ozalky prezident Tomas Jeffersonyň ve Jon Adamsyň özlerine degişli Gurhan nurhalarynyň bolandygyny, Benžamin Frankliniň bolsa Stambulyň şol vagtky müftüsinden özlerine vagyz bermek üçin dini işgär ugratmagyny isländigini ýatladandygyny mälim edýär. Habarda Obamanyň ABŞ-na goşant goşýanlaryň arasynda türk alymy Aziz Sanjaryň bilen birlikde Nobel baýragyna eýe musulman alymlary barada övgüli sözler aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň meşhurlary onlaýn ensiklopediýada” söz başyly habarynda Türkiýeden köp sanly meşhur adam baradaky “biografýa.jom” internet saýtynyň açylandygyny mälim edýär. Gazet meşhurlaryň, syýasatçylaryň, alymlaryň biografiýalarynyň ýerleşdirilen saýtynyň Türkiýeden ilkinjileriň hataryndadygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti Stambul Medeniýet ve sungat gaznasy İKSAV tarapyndan geçiriljek 44-nji Stambul aýdym-saz festivalynyň iýun aýynyň 1-24-i aralygynda guraljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 24 günüň dovamynda 17 ýerde beriljek 26 konsertde aýdym-saz söýjülere ýatdan çykmajak günleriň başdan geçirdiljekdigi nygtalýar.

“Vatan” gazeti “Türkiýede rak keseli azalýar” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministrliginiň Rak keseli bölüminiň başlygy Murat Gültekiniň Türkiýe boýunça rak keseliniň azalýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda 4-nji fevral Rak keseli boýunça bütündünýä güni mynasybetli Türk Rak övreniş ve göreş jemgyýet tarapyndan geçirilen maslahatda çykyş eden Gültekiniň 2015-nji ýylyň rak keseli boýunça hasabaty barada aýdandygy mälim edilýär. Gazet Murat Gültekiniň temmäki sebäpli ýüze çykýan rak kesellerinde 8 göterim, öýken ragynda bolsa 6 göterim aşaklamanyň bolandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Degişli Habarlar