Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

426816
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.02.2016

“Star" gazeti: “Erdogan: Pariždaky terrorçylykly hüjümi ýazgaranlar Türkiýedäkä name üçin sesini çykarmadylar?" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň PKK-ny terror guramasy diýip yglan eden ABŞ-nyň we ÝB-niň terror guramasy PÝD bilen hyzmatdaşlyk etmegine nägilelik bildirendigini mälim edýrär. Gazer Erdoganyň: “PÝD-ni DAEŞ bilen söweşýär diýip terror guramasy däl diýip bilmersiňiz. Tapawut goýsaňyz soňy kyn bolar. Ýewropada terrorçylykly hüjüm guralan wagty bütin dünýä aýaga galýar. Türkiýede bolan wagty näme üçin sesleri çykanok? Onuň jogabyny bilmelidiris" diýip nägilelik bildirendigini nygtaýar.

“Watan" gazeti: “Barrikadalaryň 99 göterimi aýryldy" söz başyly habarynda, Içer işler ministri Efkan Alanyň Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda dowam etdirilýän operasiýa bilen baglanşykly: “Barrikadalaryň aýrylmagynyň, bombalaryň ýok edilmeginiň 99 göterim tamamlandy. 80-100 töweregi öý galdy. Birnäçe güniň içinde olar hem saplanar. Diýarbakyryň Sur etrabyndaky barrikadalaryň 85-90 göterimi aýryldy. Olar hem 2 hepdäniň dowamynda dolulygyna aýrylar" diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Bosgun bölümi dörediler" söz başyly habarynda, Içer işler müdürligine bagly Bosgun söwdasy bilen Göreş bölüminiň dörediljekdigini habar berýär. Gazet bölümleriň döredilmegi bilen baglanşykly işleriň tamamlanyp barýandygyny ýazýar.

“Sabah" gazeti: “Türkiýede güýçli ösüş dowam eder" söz başyly habarynda, Halkara pul gaznasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň çalt depginili ösüşiniň şu ýyl hem dowam etjekdigini aýdandygyny beýan edýär. Habarda 4-nji madda gözegçilik hasabatyny çap eden Halkara pul gaznasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy päsgelçiliginiň daşarky deňagramsyzlygy azaltmakdygyny we potensial ösüşi ýokary tarap çekmekdigini aýdandygy mälim edilýär. Gazet Halkara pul gaznasynyň 2016-njy ýylda 3,5 bilen 4 göterim aralygynda ösmegine garaşylýandygyny belländigini ýazýar.

“Hürriýet" gazeti: “Ykjam telefonlaryň we planşetlaryň ekranlarynda 4,5 G diýip ýazylar" söz başyly habarynda, aragatnaşyk operatorlarynyň iň çalt internet bolan 4,5G üçin beketlerinden fiber infrastrukturasyna çenli işleriň alynyp barylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet häzirki wagtda satylýan döwrebap ykjam telefonlaryndaky we planşet ýaly enjamlardaky internedi azyndan 10 esse çaltlandyrjak bu täze tehnologiýanyň dünýäde ilkinji gezek Türkiýede 4,5 G diýip ulanyljakdygyny habar berýär. Habarda 1-nji aprelden soň Türkiýedäki ykjam telefonlaryň we planşetleriň ekranlarynda 4,5G ýazyljakdygyny aýdýar.



Degişli Habarlar