Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

366160
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.11.2015


“Star” gazeti “İçginlik synagy” söz başyly habarynda Yragyň we Siriýanyň başda durmagynda sebitde başdan geçirilýän baş-başdaklyk sebäpli çaknyşyklardan peýdalanmaga gönügen terroryň bu gezek Ýewropanyň merkezini nyşana alandygyny ýazýar.
Gazet Parižde 10 aý ozal Çarli Ebdo žurnalyna guralan hüjümden soň terror guramasy DAEŞ-iň Antalýada geçirilýän G-20 maslahatynyň öňüsyrasynda uly hüjüm gurandygyna ünsi çekdi.
Gazet maslahata gatnaşjak dünýä liderleriniň terror meselesinde içginliklerini görkezjekdigini nygtaýar.
Gazet G-20-ä ýer eýeçiligini edýän Prezident R. T. Erdoganyň maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň başda durmagynda dünýä liderleri bilen esasan hem Siriýa we terror meselesi barada pikir alyşjakdygyny mälim edýär.


“Sabah” gazeti “OECD-den Türkiýe barada öwgüli sözler” söz başyly habarynda Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasy OECD-niň Baş sekretary Angel Gurrianyň Türkiýäniň ykdysady ösüş we maýa goýum syýasatlarynyň OECD-ä laýyk gelýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.


“Hürriýet” gazeti “Siriýalylara gujak açandygyňyz üçin minnetdardyrys” söz başyly habarynda BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Antalýa gelmezinden ozal Hürriýet gazetine beren beýanatynda 2,2 million siriýalyny kabul edendigi üçin BMG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň Türkiýä minnetdarlyk bildirýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Pan Gi Munyň türk hökümetine we halkyna şeýle köp bosguny kabul edendigi we olara ähli taraplaýyn goldaw berendigi sebäpli öz minnetdarlygyny bildirendigi we myhmansöýerligi barada öwgüli sözler aýdandygyny ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Ýerli uçar Doganyň öndürilmegi üçin sanlyja gün galdy” söz başyly habarynda Samsunyň 19-njy maý uniwersitetiniň Awiasia we kosmos tehnalogiýalary ylmy barlag merkezi tarapyndan täze nesil uçar modelinyň taýarlanandygyny we käbir bölümleriniň synaglarynyň üstünlikli ýagdaýda geçendigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar