Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

374426
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.09.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Kanadanyň eden teklibinden boýun gaçyrdy” söz başyly habarynda, Bodrumda siriýaly bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 2 çagasyndan we aýalyndan mahrum bolan Abdullah Kurdiniň Kanadanyň hökümetinden gelen teklipden boýun gaçyrandygyny mälim edýär. Gazet Kurdiniň Kanadada gyz jigisiniň bardygyny, Kanadanyň hökümetinden teklip gelendigini, emma bolup geçen wakalardan soň gitmejekdigini we Kobanide ýaşamagyny dowam etdirjekdigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Kurdi maşgalasynyň wakadan ozal Kanadanyň hökümetine ýüz tutandyklaryny, emma olaryň kabul edilmändigi ýazylýar.

“Star” gazet: “Ministr Yşyk ýerli ulagy ilkinji gezek synagdan geçirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli ulagynyň taslamasynda prototipleriniň öndürilendigini habar berýär. Gazet Bilim, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşygyň ýerli ulagyň prototiplerini özüniň synagdan geçirendigini aýdyp: “Ýerli ulag hem Türkiýäniň ulag önümçiligini güýçlendirer hem-de Türkiýäniň geljekde tehnologiýa ugrunda esasy oýunçylaryň birine öwrülmäge mümkinçilik döreder” diýendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “Dünýäniň energetika bazarlarynda howsalalyk dowam edýärkä, gämini türk kapitan sürer” söz başyly habarynda, tanymal ykdysadyýetçi Fatih Birolyň Halkara Energetika gullugynyň ýerine ýetirji başlygy wezipesine 1-nji sentýabrda başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gzaet ilkinji interwýusyny Hürriýet gazedine beren Birolyň Halkara Energetika gullugyny nebite we tebigy gaza goşmaça, gaýtdan işläp boljak we täze energetika tehnologiýalar dünýäniň merkezine öwürjekdiklerini nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Ülker ajaýyp senagat önümçiligine taýarlanýar” söz başyly habarynda, Ülkeriň “Ajaýyplyk ýoly” bilen Industrial Excellence Award bäsleşiginiň Germaniýadaky finalynda bäsleşjekdigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti: “BBC: Derinkuýu gadymy dünýäniň täsinlikleriniň biri” söz başyly habarynda, BBC özüniň internet saýtynda dünýäniň onçakly tanalmadyk gadymy şäherleriň sanawyny çap edendigini habar berýär. Gazet Kapadokiýadaky Derinkuýu şäheriniň 20 müň adamyň ýerleşip biljekdigini, şäheriň m.soň 6-7 asyra degişlidigini we gurluşynyň örän garyşykdygyny belleýär. Gazet gaýalaryň oýulyp ýasalan şäherde dolandyryş merkeziniň, mekdepleriň, howa ulgamynyň, ammarlaryň we monastyryň bolandygyny, Derinkuýynyň ýerasty bir şäherdigini we sýayahatçylaryň ünsini özüne çekýändigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar