Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

380375
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2015

“Star” gazeti: “Baýram bazary” söz başyly habarynda, Oraza baýramyna birnäçe gün galmagy bilen ýurduň söwda, dokma we syýahatçylyk pudagynyň ösmäge başlandygyny, egin-eşik satuwynda bolsa ösüşiň ýokdygyny habar berýär. Gazet söwda merkezlerinde satylýan harytlarda 50 göterim arzanladyş bolandygyny, baýram günlerinde 30 müň adamyň daşary ýurtlara gitmegine garaşylýandygyny we ýurtdaky ýolagçy sanynyň şol günlerde 1 milliona ýetmegine garaşylýandygyny belleýär.

“Sabah” gazeti: “Doktor derejeli işgär al, aýlygy döwlet tölesin” söz başyly habarynda, hökümetiň döwrebap tehnologiýa firmalary üçin başladan taslamadaky arzalaryň kabul edilşiginiň anna güni gutarýandygyny mälim edýär. Gazet “Hususy pudaklarda iş bilen üpjün etmek” taslamasynyň çäginde doktor derejeli işgärleri işe alan hususy kärhanalarda işlejek işgärleriň aýlyklarynyň 2 ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan tölenjekdigini nygtaýar. Gazet durmuşa geçiriljek bu taslama bilen hususy pudakda täze iş ýerleriň köpeljekdigini, kärhanalaryň öndürjek harytlarnyyň hilininiň we tehnologiýdaky döwrebaplygyň has hem ýokarlandyrjakdygyna ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Türkiýe gün energiýasy taýdan örän baý ýurt” söz başyly habarynda, bütin dünýäde energiýa baýlyklarynyň wajyplygy barha artýandygyny we Türkiýäniň hem günüň şöhlesinden alynýan energiýany artdyrmaga başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet günüň şöhlesinden öndürilýän elektrigiň mukdarynyň 71 müň megawatdan geçendigini, emma Türkiýäniň gün şöhlesinden elektrik öndürmek kuwwatynyň iň az 500 müň megawatdygyny belleýär. Gazet ýurtda 790 inedördül km meýdanda guruljak gün energiýasy panelleriniň saýasynda ýurduň elektrik zerurlygy dolulygyna üpjün ediljekdigini nygtaýar. Habarda taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurtda 3,2 million tonna kömür turşy gazyň azaljakdygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Gadymy şäher Ani hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge dalaşgär” söz başyly habarynda, müňlerçe ýyllyk taryhy bolan Türkiýäniň Kars welaýatynda ýerleşýän gadymy Ani şäheriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizlmek üçin işler alynyp barylýandygyny habar berýär. Gazet gadymy şäheriň sanawa kabul edilen halatynda Türkiýedäki Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 16-njy miras boljakdygyna ünsi çekýär. Gazet 2015-nji ýylyň fewral aýynda arza berilen we wagtlaýyn sanawa alynan gadymy şähere sentýabr aýynda ÝUNESKO-dan ýörite topar Karsa gelip jemleýji barlaglary geçirjekdigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “Arda Turan Barselonada” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli futbolçysy Arda Turanyň Ispaniýanyň tanymal Barselona futbol komandasyna geçendigini we ilkinji tälimleri geçendigini mälim edýär. Gazet 41 million ýewro Barselona geçen Arda Turanyň tälim geçilýärka paragwaýly ýyldyz futbolçy Suarez bilen oýun edişendigini nygtaýar. Habarda şeýle hem Türk howa ýollarynyň Arda Turany öz reklamalarynda surata düşürip biljekdigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar