Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýar

269834
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.05.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Gowy aklar gara materikde” söz başyly habarynda, ençeme ýyllaryň dowamynda garyplyk, açlyk, epidemiýa keselleri we içerki söweş howpy bilen göreşen Afrika materigine Türkiýäniň goldaw bermegini dowam etdirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet diňe 1 ýylyň dowamynda Afrika ýurtlary bilen Türkiýäniň arasynda 13 täze ylalaşyga gol çekilendigini habar berýär. Habarda Çad döwleti bilen saglygy goraýyş ugrunda, Somali döwleti bilen hassahana dolandyryjylygy ugrunda, Namibýa döwleti bilen talyp kabul edilşik ugrunda, Jibuti döwleti bilen ýaşlar we sport ugrunda özara hyzmatdaşlyk ediljekdigi ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Türk esgerleri tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylar” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly goşunlarynyň biri bolan türk goşunynyň tehnologiýa taýdan hem enjamlaşdyryljakdygyny mälim edýär. Gazet türk milli goranyş senagaty “ASELSAN”-yň hödürlän geljegiň esgeri diýip atlandyrylýan “CENKER” taslamasynyň esasynda türk esgerleriniň kompýuter esbaplary, tehnologik äýnek we sagat bilen enjamlaşdyryljakdygyna ünsi çekýär. Habarda üpjün ediljek enjamlaryň kömegi bilen esgerleriň saglyk ýagdaýlaryna we olaryň ok-därilerine gözegçilik edip boljakdygy bellenýär.

“Sabah” gazeti: “Eksportda rekord goýdyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň “Türkiýäniň ykdysadyýetiniň uly sepgitlere ýetendigini” aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Zeýbekjiniň: “Mundan beýläk Türkiýe ösüp barýan ýurtlara ylham beren we olary ugrukdyran ýurt bolar. Ösüşini çalt depginler bilen dowam etdirýän daşary söwda pudagymyzyň tertipnamasy taýýarlandy. Türkiýe 2014-nji ýylda daşary söwda-da rekord goýdy. Geçen ýyl eksport 4 göterim artyp, 157,6 milliard dollara barabar boldy. Türkiýäniň eksporty häzirki wagtda iň uly derejä ýetdi” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti: “Ýüz müň daşary ýurtly talyp 5 milliard dollar girdeji getirer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okajak daşary ýurtly talyplaryň sanynyň artdyrylmagy üçin we türk uniwersitetlerini dartyş merkezlerine öwürmek üçin işler alynyp barylýandygyny habar berýär. Gazet Galkynyş ministrliginiň daşary ýurtly talyplar barada beren beýanatynda Türkiýede okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanynyň 2018-nji ýylyň ahyryna çenli 100 müňe ýetirmek üçin maksat goýulandygyny nygtaýar. Gazet talyplaryň sanynyň köpelmegi bilen Türkiýäniň tanalmagyna we ýurduň ykdysadyýetine goşant goşjakdygyny belleýär.

“Milliýet” gazeti: “Talyplar howa bilen işleýän ulagy ýasadylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ankara şäherinde ýerleşýän Bilkent uniwersitetiniň talyplary dykyzlanan howanyň kömegi bilen işleýän ulagy ýasandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ulagyň bir bagyň içine dykyzlyk bilen ýerleşdirilen howanyň ýörite sazlaýjydan geçirilip turbalaryň kömegi bilen dwigateliň porşenini işletmegi bilen hereket edýändigini, ulagdan çykýan gazyň ýene-de dem alyp bolýan arassa howadygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar