Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýar

269220
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.05.2015

“Star” gazeti: “Ýewropanyň iň köp marka talap edilen ýurdy bolduk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Stambulda Faruk Saraç Dizaýner mekdebiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: “Geçen ýyl Türkiýede 40 müň töwerek marka talaby berildi. Bu görkezijileriň Türkiýäniň marka talaby berilen ýurtlaryň arasynda Ýewropada 2-nji, dünýäde bolsa 4-nji oruna çykandygyny görkezýär. 2014-nji ýylda 110 müň töwerek marka talaby bilen Ýewropanyň iň köp marka talap edilen ýurdy bolduk” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni şafak” gazeti: “Söwdanyň erkinleşmegi sebäpli göwrüm 18 göterim artdy” söz başyly habarynda, Erkin söwda ylalaşygynyň (STA) türk eksportyna uly täsir ýetirendigini habar berýär. Gazet 2014-nji ýylda Erkin söwda yalalşygy (STA) baglaşylan ýurtlar bilen edilen eksportyň 18 göterim artyp, 17,7 millliard dollara barabar bolandygyny nygtaýar. Habarda eksportyň göwrüminiň entegem artýandygy we şu ýylyň ilkinji 2 aýynda STA ýurtlary bilen eksportyň takmynan 30 göterim artyp 4 milliard dollardan hem geçendigi bellenýär.

“Haber Türk” gazeti: “Stambul Eýranyň we Hytaýyň sergi merkezine öwrüldi” söz başyly habarynda, bütün dünýä bilen ýaňadandan ykdysady gatnaşyklara başlan Eýranyň öz harytlaryny tanatmak üçin Stambulda sergi gurajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet CNR Holdinginiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Jeýda Eremiň 15-18-nji oktýabr aralygynda Eýranyň özüniň eksport harytlaryny tanyşdyrmak maksady bilen “Eýran Expo” atly sergi gurajakdygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Eremiň “China Homelife” atly serginiň bolsa 3-6-njy iýunda guraljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti: “Ägirt uly ýahtalar Marmarisde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň tanymal syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Marmarisiň gymmat bahaly ýahtalaryň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolmagyny dowam etdirýändigini habar berýär. Habarda birnäçe gün ozal etraba Saud Arabystanynyň şasynyň maşgalasyna degişli “Al Salamh” ýahtasynyň gelendigi, düýn bolsa tanymal Latsis maşgalasynyň “Turama” atly ýahtasynyň gelendigi bellenýär. Gazet 117 metr uzynlygyndaky we 20 metr giňişligindäki Malta baýdakly ägirt uly ýahtanyň Marmarise gelendigine ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Suzan ene sylaglandy” söz başyly habarynda, Izmirde ençeme ýylyň dowamynda hassahanalarda mätäç bolan hassalara kömek beren 89 ýaşly Suzan Kyzylgöküň “Halkara Inner Whil Zenanlar kluby” tarapyndan “Margarette Golding” sylagyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kyzylgöküň: “Şol işleri etmedik bolan bolsam ruhy taýdan ölerdim” diýendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar