Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

251750
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.04.2015

Star gazeti: “Kuweýt kapitalyna Türkiýeden çakylyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T Erdganyň Kuweýte guran saparyndan ozal beren beýanatynda: “Goranmak senagaty we tehnalogiýa ugurlarynda Kuweýt bilen maglumatlarymyzy we tejribelerimizi paýlaşyp bileris. Saparymyň çäginde Kuweýtiň kapitalyny Türkiýä çekilmegi üçin gepleşikleri geçireris. Mundan başgda türk gurluşyk firmalarynyň Kuweýtde iş alyp barmaklary ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarys” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazeti: “Täze ýüpek ýolynda Türkiýe möhüm orun eýelär” söz başyly habarynda, Hytaýyň “Bir nesil bir ýol” taslamasynyň çäginde täze ýüpek ýolunuň gurulýandygyny mälim edýär. Gazet Hytaýyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilçisi Ýu Hýoňýaňyň: “Täze ýüpek ýoly taslamasynda ençeme ýol bar. Ýollar nireden geçse geçsin hökmany ýagdaýda Türkiýäniň üstünden hem geçer” diýendigini belleýär. Habarda Täze ýüpek ýoly bilen ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň artjakdygy ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Tehnalogik enjamlaryň eksporty artýar” söz başyly habarynda, Türkiýede soňky ýyllaryň dowamynda ylyma berilýän goldawlaryň saýasynda tehnalogik enjamlaryň eksporty artmaga başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 2001-2014-nji ýyllar aralygynda iň köp eksport edilen 10 pudagyň ilkinjileri ulag senagaty we maşyn gurluşyk pudaklarydygyny habar berýär.

Sabah gazeti: “Akasýa Ajybadem Ýewropanyň iň gowy söwda merkezi” söz başyly habarynda, Akasýa Ajybadem söwda merkeziniň Ýewropanyň iň gowy söwda merkezi diýip saýlanadygyny mälim edýär. Gazet sylaglanan kärhananyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Zeýnep Akdilli Oralyň: “Beren sylagyňyz gozgalmaýan mülk we bölek söwda pudaklarynda kärhanamyzyň halkara arenada tanalmagyna goltgy berdi. Beren sylagyňyz halkara maýa goýumçylara Türkiýäniň ynamdar maýa goýum merkezidigini görkezýär” diýendigini belleýär.

Haber Türk gazeti: “Ýerli ulagyň prototipi iýun aýynda taýar bolar” söz başyly habarynda, Ylym, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşygyň: “Ýerli ulagyň prototipi iýun aýyna çenli taýar bolar. Ulag elektrik tok bilen işlär we uzak ýollara gidip biler. Bu ulagyň ýanynda başgada bir ulagyň taslamasynyň üstünde işlenilýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar