Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

240632
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Osmanly barada öwgüli sözler” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde Türkiýe, Awstraliýa we Täze Zelandiýa tarapyndan geçirlen “100-njy ýylynda Çanakkale söweşleri:Taryh we dostluk” temaly konferensiýada çykyş eden taryhçylaryň Osmanlynyň ýaragly güýçleriniň gözegçilik we serkerdelik gurluşynyň iňlislerden has täsirlidigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Anzaklaryň agtyklary Mehter topary bilen garşylandy” söz başyly habarynda Çanakgala söweşiniň 100 ýyllygy mynasibetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin gämi bilen Awstraliýadan 36 günde şähere gelen 2700 adamyň mehter topary tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet anzak esgerleriň agtyklarynyň bir ýylyň dowamynda şähere gelmäge dowam etjekdiklerini nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “Türk mebel öndürijileri İtaliýada” söz başyly habarynda İtaliýan modasynyň mebel simwoly ýagdaýyna gelen Salone mobel sergisine türk mebel öndürijileriniň hem gatnaşýandygyny ýazýar.
Gazet sergi bilen şol bir wagtda Milan şäherinde geçirilýän mebel hepdeliginde ilkinji gezek türk mebeliniň tanyşdyrylýandygyny, şäheriň türk mebel önümleriniň reklamalary bilen bezelendigini nygtaýar.


“Watan” gazeti “Döwrebap ýaşaýyş jaý meselesinde Türkiýe uly mümkinçilik hödürleýär” söz başyly habarynda döwrebap ýaşaýyş jaý pudagy boýunça iş alyp barýan Amerikaly Goldwel Banker Global firmasynyň başlygynyň orunbasary Mişel Fişeriň beren beýanatyna ýer berýär.
Gazet Fişeriň emlak pudagyna maýa goýýan ýurtlaryň sanawynda ABŞ-dan, Braziliýadan we Hytaýdan soň 4-nji ýerde durýan Türkiýäniň döwrebap ýaşaýyş jaý taýdan uly mümkinçilikler hödürleýändigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “102 ýurtdan hassa gelýär” söz başyly habarynda Hususy hassahanalar we saglygy goraýyş guramalary jemgyýeti tarapyndan geçirlen Saglygy goraýyş pudagynda esasy kynçylyklaryň çözülmegi baradaky maslahatlara gatnaşan Saglygy goraýyş ministrliginiň saglygyň ösdürilmegi işlerinden jogapkär müdüriniň orunbasary Dos. Dr Ömer Tontuşyň beren beýanatyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Ömer Tontuşyň “Türkiýä gelýän daşary ýurtly hassalaryň 80 göterimi Yrakdan, Germaniýadan, Azerbaýjandan we Bolgariýadan gelýär” diýen sözlerini ýatladýar.
Gazet Tontuşyň “Daşary ýurtly hassalar onkologiýa, gematologiýa, ortapedi we gan-damarlary hirursiýasy ýaly bölümlerde bejeriş almak üçin Türkiýä gelýär. Göz hassalyklarynyň bejerilşinde bolsa dünýäde iň köp hassany kabul edýän ýurt Türkiýe. Umuman alnanda Türkiýä 102 ýurtdan hassa gelýär”diýendigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar