Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny. 22.03.2015.

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

275910
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny. 22.03.2015.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe soňky 10 ýylyň üstünlik kyssasy” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň Global yslamy maliýe kämilleşdiriş merkeziniň müdiri Zamir İkbalyň Türkiýäniň soňky 10 ýylda hem ykdysady ösüşiň dowam etdirilmegi hem-de maliýe pudagynyň durnuklylygyny goralmagynda uly üstünlige eýe bolandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet İkbalyň “Bu döwürde türk bank ulgamy beýleki ösüp barýan ýurtlaryň bank ulgamlaryna görä diýseň uly ösüş etdi. Türkiýe yslamy bank ulgamynda we maliýe pudagynda-da uly potensiala eýe” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Angri Bords Türkiýäni tanyşdyrar” söz başyly habarynda, dünýäde 500 milliona golaý adam tarapyndan oýnalýan Angri Bords oýunynyň indi Türkiýäniň tanyşdyrylmagyna goşant goşjakdygyny, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Tanyşdyryş müdirliginiň başlygy İrfan Önalyň Türkiýäniň tanyşdyrylmagy üçin döwrebap taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Önalyň Türkiýäniň tanyşdyrylmagy üçin “google”, “ýahoo”, “fajebook” we “instagram” ýaly sosial mediada dünýä meşhur kompaniýalar bilen strategik hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti” Karamustafa Gollandiýadan baýrak” söz başyly habarynda, esasanda migrasiýa barada alyp barýan işleri bilen tanalýan sungat ussady Gülsün Karamustafanyň “Prins Klaus” baýragyna laýyk görülendigini mälim edýär. Wizual sungatlar boýunça alyp barýan işleri mynasybetli baýrak alan Karamustafanyň 95 dalaşgäriň arasynda saýlanandygyna üns çekilýär.
“Star” gazeti “Dünýä suwsyzlyga tarap barýar” söz başyly habarynda, BMG tarapyndan taýarlanan Bütindünýä suw galkynyşy habarnamasynyň dünýäniň suw ätiýaçlarynyň çaltlyk bilen gutarýandygyny ýüze çykarandygyny nygtaýar. Habarnamada 2030-njy ýylda dünýäniň ekerançylyk, senagat we şahsy sarp ediş üçin gerek bolan suwuň diňe 60 göteriminiň kanagatlandyrylyp bilinjekdigi halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýar.
“Watan” gazeti “Alsgeýmer hassalygyna uly umyt” söz başyly habarynda, awstraliýaly alymlaryň ultrases arkaly beýnide alsgeýmer hassalygynyň ýüze çykmagyna sebäp boýlan we hassalaryň ýadynyň ýitmegine alyp barýan “amiloid gatlaklary ýok edýän täze açyş edendiklerini ýazýar. Gazet syçanlarda synalyp görülen açyşyň ýadyň 70 göteriminiň yzyna gelmegini üpjün edendigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar