Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

201888
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.01.2015

“Hürriýet” gazeti “Germaniýa Türkiýe bilen howpsyzlyk şertnamasyny baglaşmak isleýär” söz başyly habarynda, “Suddaýçe Saýtung”, “NDR” we “WDR” gazetleriniň Germaniýanyň howpsyzlyk ugry boýunça Türkiýe bilen gepleşikler alyp barýandygyny ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda içeri işler ministriniň orunbasary Emili Haberiň Anakra bilen gepleşikleri alyp barýan topara ýolbaşçylyk edýändigi, howpsyzlyk boýunça täze şertnamanyň baglaşylmagynyň islenmeginiň sebäbiniň nemes howpsyzlyk gullugyna görä Germaniýadan terror guramasy YSYS-yň hataryna goşulan 600-e golaý başbozaryn 90 göterimine golaýynyň Türkiýäniň üsti bilen Siriýa hem-de Yraga geçmegi we ýaňadandan yzyna dolanyp barmagyna bildirilýän aladadygy nygtalýar.
“Akşam” gazeti “Howada türk kölegesi” söz başyly habarynda, “ASELSAN-yň” uçarlaryň duşman radarlarynyň signalyny garyşdyrmagyny we aldatmagyny üpjün etjek ulgamyň üstünde işleýändigini, Goranyş senagaty geňeşiniň “Kölege” atlandyrylýan şeýle programmanyň taýarlanmagy üçin işe girişendigini ýazýar. Gazet programmanyň howa hüjüminde duşmanyň radar we aragatnaşyk ulgamlaryny alysdan diňlemäge, garyşdyrmaga ýa-da aldatmaga ukyplydygyna ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Gar syrgynynda Kennedä ilkinji bolup gonan Türk howaýollary” söz başyly habarynda ABŞ-da soňky günlerde durmuş şertlerini agyrlaşdyran gar syrgynynda howaýollarynyň hiç haýsynyň gonup bilmändigine garamazdan Türk howaýollaryna degişli uçaryň Kennidi adyndaky howa menziline golanandygyny, howaýollarynyň metbugat merkezinden berilen bildirişe görä yza gatdyş saparynyň hem wagtynda berjaý ediljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Lukman balyklar alternatiw tebiplikde peýdalanylar” söz başyly habarynda, käbir deri hassalyklarynyň bejergisinde peýdalanylýan we Çanakkale 19-njy Mart uniwersitetinde laboratoriýada-da idedilýän Siwas welaýatynyň Kangal etrabyna mahsus dünýä meşhur “lukman balyklaryň” alternatiw tebipçilikde peýdalanylmaga başlanjakdygyny mälim edýär.
“Sabah” gazeti “Bursada ýaşaýyş jaýlaryna uly isleg bar” söz başyly habarynda, Bursa welaýatynda ýaşaýyş jaý we mellek ýaly göçürilmesiz emläklere araplaryň uly bildirilýändigini ýazýar. Gazet Bursada Ýakyn Gündogardaky arap ýurtlaryndan köp sanly işewür adamynyň söwda merkezi we ýaşaýyş jaý taslamalary ýaly maýa goýumlaryna taýarlyk görýändigini, gyşky syýahatçylygyň esasy merkezlerinden biri bolan Uludaga isleg bildirýänleriň hem 30 göteriminiň araplardan ybaratdygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar