Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

208557
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.11.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Palestinadan Fergusona” söz başyly habarynda ABŞ-da rassize garşy ýörişleriň simwoly bolan Fergusona sosial media arkaly esasan hem Palestinalylaryň goldaw berýändigini ýazýar.

Gazet ABŞ-da garaýagyz ýetginjegi atyp öldüren polisi aklaýan kaziýetiň kararyna berk garşylyk görkezilýandigini we ýörişleriň Amerikanyň serhetlerini aşandygyny belleýär
Habarda Britaniýada ABŞ-nyň Londondaky ilçihanasynyň öňünde ýörişiň geçirlendigi ýatladylýar.


“Hürriýet” gazeti “Danke Tugçe” söz başyly habarynda Germaniýada iki ýaş gyzy zorlamadan halas etmek üçin janyny pida eden Tugçäniň doglan güni ýogalandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýar.
Gazet Germaniýanyň gawduwsyz gyz üçin “Minnetdar Tugçe” diýendigini belleýär.
Gazet Tugçe Albaýragyň 15-nji noýabrdan bäri ýatan keselhanasyna Tugça goldaw bermek üçin gelýänleriň sanynyň barha köpelýandigini, diwarlaryň fotosuratalr bilen bezelendigini nygtaýar.
Düýn wakanyň başdan geçirlen ýerinde ýüzlerçe adamyň ýöriş geçirendigini ýazýan gazet, şol gije Tugçä suw içirmek üçin sow soran ýoldaşyna “ilki pulyny ber” diýen naharhananyň öňüne stakanlarda suwyň goýlandygyny ýazýar.
Gazet Tugçäniň maşgalasynyň onuň halas eden nemes gyzlarynyň polise düşündiriş bermegi üçin çagyryş berendigine ünsi çekýär.


“Ýeni Şafak” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk komiteti İSEDAK-yň 30-njy maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.
Gazet açylyş çykyşynda Yslam dünýäsine ýüzlenen Erdoganyň “Taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirýän yslam geografiýasynda çözgüt jebislikdir. Kimiň şahsy, messep, milli meselesi bar bolsa bir gapdala goýmaly we sebitiň bitewiligi, asudalygy üçin tagalla etmeli” diýendigine ünsi çekýär.


“Akşam” gazeti “Dünýäniň mirasyna ebru sowgady” söz başyly habarynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň ebru sungadynyň BMG-nyň Bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO tarapyndan Türkiýäniň adyndan “Dünýäniň konkret däl medeni mirasy” sanawyna degişli edilendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet ministr Çeligiň “Ebru sungady bilen birlikde Türkiýäniň adyndan sanawa degişli edilen medeni mirasyň sany 12-ä ýetdi” diýendigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti UEFA Ýewropa ligasynyň L toparynda bäsleşýän Trabzonspord futbol komandasynyň Metalist Khaerkiw futbol komandasyny 3-1 hasabynda ýeňendigini ýazýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar