Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.10.2014.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

176114
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.10.2014.

“Akşam” gazeti “Asad terrora maddy taýdan goldaw berýär” söz başyly habarynda terror guramasy YSYS-yň “Türkiýäniň üsti bilen nebit satýandygy” hakyndaky garaýşynyň hakykaty beýan etmeýändigini ýazýar.

Gazet YSYS terror guramasynyň ele geçiren nebit rafineriýalaryndaky nebitiň esasy bölegini Siriýanyň hökümetine satýandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Gazet esasan hem Rakka şäherindäki nebitiň YSYS tarapyndan Siriýanyň hökümetine satylýandygyny belleýär.
Gazet YSYS terror guramasynyň nebitiniň ugrynyň Eýranyň üsti bilen Dubaýa çenli uzap gidýändigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “ABŞ-dan Türkiýe bilen baglanşykly garaýyşa jogap” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Psaki “Waşington Post” gazetiniň şu günki sanynda berlen “Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlygyň emele gelendigi” hakyndaky habar barada “her okan zadyňyza ynanmaň, çünki Türkiýe diňe NATO agza hyzmatdaş ýurt bolmak bilen çäklenmeýär, şol bir wagtda YSYS terror guramasynyň güýçden gaçmagy we ortadan aýrylmagy baradaky göreşde hem esasy hyzmatdaş. Türkiýe bilen birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýäris”diýen sözlerine ýer berýär.


“Sabah” gazeti “Moodys Türkiýäniň ykdysadyýetini ara alyp maslahatlaşar” söz başyly habarynda Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moodysyň 5-nji noýabrda Çiragan köşgünde Türkiýäniň ykdysady görkezijileri baradaky “8 ýyllyk Türkiýäniň kredit howpy konferensiýasyny” geçirjekdigini ýazýar.
Gazet konferensiýada Türkiýäniň karzy, türk banklary, türk firmalary, Türkiýädäki infstruktura işleri we yslamy bankçylyk ulgamy ýaly meselelere garaljakdygyny nygtaýar.


“Star” gazeti “Kars kiçi Hytaý bolar” söz başyly habarynda Aziýany Ýewropa bilen birleşdirjek demir ýolynyň merkezi boljak Karsda hereketli günleriň başdan geçirilýändigini habar berýär.
Gazet şäherde gurlan guramaçylykly senagat sebitinde boş ýeriň galmandygyny, ruslaryň şäherde maýa goýum üçin maýa goýum mümkinçilikleri bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beleýär.
Gazet Karsa goýuljak maýa goýumlar bilen şäheriň kiçi Hytaýa öwrüljekdiginiň öňe sürülýändigini belleýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar