Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.09.2014

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

135540
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.09.2014

“Akşam” gazeti “YDYD guramasyna garşy ara zolak” söz başyly habarynda, Prezidentlige saýlanandan soň ilkinji gezek ABŞ-na giden R.T.Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda dünýä liderlerine terrory gürrüň berjekdigini ýazýar. Gazet Erdoganyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň YDYD guramasyna garşy ara zolagyň döredilmegi bolandygyna ünsleri çekýär. Habarda Prezident Erdoganyň şu gün geçirilýän BMG-nyň Hova çalşygy maslahatyna Baş sekretar Pan Gi Munuň ýörite myhmany hökmünde gatnaşjakdygyny, soň bolsa “Milli iş meýilnamasy ve maksatlar barada beýanat” temaly maslahatda çykyş etjekdigi nygtalýar. Habarda Prezident Erdoganyň agşam ara bolsa ABŞ-nyň Prezident Barak Obama ve aýaly tarapyndan myhman liderleriň hem-de aýallarynyň hormatyna berjek bankedine gatnaşjakdygy mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti “Saglyk bolsun, kassa dolsun” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýevropanyň ve Ýakyn Gündogaryň hamala diýersiňiz saglygy saklaýyş merkezine övrülendigini ýazýar. Gazet 500 müňe golaý “saglyk syýahatçysynň” gelendigine ünsi çekip, kassasyna 2,5 milliard dollar salan Türkiýede ilkinji maksadyň 2 million hassa ve 20 milliard dollar girdeji bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşiginiň soňky habarnamasyna görä 2013-nji ýylda Türkiýä saglyk syýahatçylygy üçin gelenleriň sany estetiki operasiýalar bilen birlikde 480 müňe ýetendigi mälim edilýär.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynda “Stambulda “elektrik bilen işleýän avtobus” üçin taýarlyklar başlady” söz başyly habarynda, Stambulyň Elektrik tramvaý ve tunel dolandyryjylary baş müdiri Mümin Kahvejiniň stambullylary elektrikli transport serişdeleri arkaly gatnatmaga başlajakdyklaryny nygtap, 2019-njy ýylda ulaglaryň 25 göteriminiň elektrik bilen işleýän, 30 göterimini suvgaldylan gaz bilen işleýän ulaglardan ybarat boljakdygyny aýdandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Dünýä türk lukmany barada gepleşýär” söz başyly habarynda, Turgut Özal adyndaky universitetiň hassahanasynyň hirurglaryndan Önder Sürgüdiň 68 ýaşly näsagy garnynda açan ýekeje deşiginden gisterektomi, salpingektomiýa, ovariektomiýa, sakro-kolpopeksiýa operasiýasyny edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Sürgüdiň operasiýasyyň “Gnikologiýanyň ve Obstetriksiň arhivi” atly medisina žurnalynda “dünýä boýunça ilkinji tejribe” hökmünde häsýetlendirilendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar