Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

106392
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.08.2014

“Hürriýet” gazeti “Dawutogly partiýanyň başlyklygyna saýlandy” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Ankaranyň “Arena” sport kompleksinde geçirilen 1-nji nobatdan daşary gurultataýynda partiýanyň başlyklygy üçin saýlawyň tamamlanandygyny ýazýar. Gazet gurultaýyň diwanynyň başlygy Haluk İpegiň saýlawda 1388 sesiň berilendigini, seslerin 1382 sesiň kabul edilendigini, 6 sesiň kabul edilmändigini nygtap, saýlawyň netijesini “Şu netijä görä daşary işler ministri Konýa welaýatynyň halk deputaty Ahmet Dawutogly jemi 1382 ses alyp, Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna saýlandy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Şikestlilere 36 müň lira kömek beriler” söz başyly habarynda, Türkiýe Zähmet guramasy tarapyndan başladylan we ikinji ýüz tutmalaryň dowam edýän taslamanyň çäginde, özbaşdak iş ýerini açmak isleýän şikestlilere 36 müň lira çenli döwlet goldawyny berjekdigini ýazýar. Habarda ýüz tutmalaryň 12-nji sentýabrda tamamlanjakdygy ýatladylýar. Gazet beden, zehin, ruhy we sosial taýdan şikestli bolandyklaryny delillendiren we işläp biljek şikestlileriň ýaşaýan şäherlerinde durmuşa geçirmek üçin hödürlejek taslamalaryna maliýe goldawynyň beriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Gazadaky hassahanalara Ýerýüzi lukmanlaryndan goldaw” söz başyly habarynda, Ýerýüzi lukmanlarynyň Palestinanyň saglygy saklaýyş ministrligi we Gazanyň Yslam uniwersitetiniň lukmançylyk fakulteti bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşandygyny ýazýar.
Gazet Ýertüzi lukmanlary guramasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy we Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň lukmançylyk falultetiniň hirurgiýa kafedrasynyň başlygy, professor Orhan Alimoglunyň Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinden soň üstümizdäki aýyň 10-17-si aralygynda sebite gidendiklerini nygtap, gol çekişilen ylalaşyklar barada maglumat berendigini nygtaýar.
Habarda, Orhan Alioglunyň “Şol çäkde Gazanyň urşuň dowamynda ýykylan hassahanalaryň infrastrukturasy bilen hassahanalaryň içindäki enjamlaryň üpjün edilmegi, hünärmenlere tälim bermek ýaly ugurlarda goldaw bermek, uniwersitetara hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlarda ylalaşyk gazandyk” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynda “ICQ türk dilinde yzyna dolanýar” söz başyly habarynda, aragatnaşyk ulgamlarynyň ilkinjilerinden biri bolan “ICQ-nyň” dolulygyna türk dilinde taýarlanyp, ulanyjylaryň dykgatyna ýetiriljekdigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar