Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

80237
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.08.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Maksat konslagere üýşürmek” söz başyly habarynda Gaza sektorynda “gyrgynçylyk” we “etniki saplaýyş” edilmegi barada çagyryş beren Ysraýylyň Mejlisiniň Başlygynyň wekili Moşe Feigeliň Palestinanyň halkynyň sebitden sürlenden soň konslagerlere ýygnalmagyny isländigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Ysraýyl hüjümleriň bes edilmeginden 6 minut soň bombalady” söz başyly habarynda düýn Gazada ir sagat 10:00-da hüjümleriň bes edilendigini yglan eden Ysraýylyň goşunynyň 6 minut soň bosgun lagerindäki öýe guran hüjüminde 8 ýaşly gyzjagazyň ölmegine sebäp bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Hytaýda ýogalanlaryň sany artýar” söz başyly habarynda Hytaýyň günortasyndaky Ýunnan welaýatynda öňňin bolan 6,5 bala barabar ýer titremesinde ölenleriň sanynyň 400 adama golaýlandygyny nygtaýar. Gazet ýer titremesinde 12 müň öýüň ýykylandygyny aýdan Premýer ministr Li Kegianyň tebigy apatyň bolan ýerine baryp gözleg we halas ediş işlerini gönükdirýändigini mälim edýär.
“Star” gazeti “Gül hoşlaşyk saparlaryna başlady” habarynda 28-nji awgustda iş möhleti gutarýan Preizdent Abdulla Gülüň düýn ilki Mejlisiň Başlygy Jemil Çiçek, soň bolsa Premýer ministr R.T.Erdogan bilen hoşlaşandygyny ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Dünýä ebola wirusyna alada bildirýär” söz başyly habarynda Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasynyň Günbatar Afrikada 800-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan abola epidemiýasynyň çak edilýäninden has tiz ýaýraýandygyny mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Çarhlar aýlandy, hal-ýagdaý gowulandy” söz başyly habarynda Premýer ministr Erdoganyň gazanan ykdysady üstünlikleriniň gözbaşynda maýa goýumyň, önümçiligiň we iş mümkinçiliginiň artmagynyň durýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet şonuň netijesinde önümçilik çarhlarynyň çaltlyk bilen aýlanmaga başlandygyny we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “İne täze Nowitsi” söz başyly habarynda türk ýaş milli basketbol komandasynyň yzly-yzyna iki gezek Ýewropa çempiony bolandygyny, bäsleşige NBA-nyň wekilleriniň ýokary gyzyklanma bildirendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar