Gazagystanda Ýer Titredi
Almaty şäheriniň golaýynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
2110544
![Gazagystanda Ýer Titredi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/09dc/7349/493f/65e57e7f1385b.jpg?time=1718570452)
Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Almaty şäheriniň golaýynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, Almaty şäheriniň 31 kilometr günortasynda ýerli wagt bilen 11.22-de 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Ýolbaşçylar şäheriň ýaşaýjylaryna dowla düşmezlikleri üçin duýduryş berdi.
Beýannamada ýer titremesinde adam pidasynyň çekilmändigi bellenildi.
Beýleki tarapdan ýer titremesi goňşy ýurt Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde hem duýuldy.
Degişli Habarlar
![Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/0e73/4422/b257/65b5001ee298e.jpg?time=1718570452)
Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady
" Jan Azerbaýjanyň 15-nji iýun Milli Azat edijilik gününi tüýs ýürekden gutlaýaryn”