Türkiýe Hojaly Gyrgynçylygyny Ýazgardy
"Azerbaýjanyň Hojaly şäherinde asuda ilata garşy edilen gyrgynçylygy ýazgarýarys”
Türkiýe Hojaly gyrgynçylygynyň 32-nji ýylynda Azerbaýjanyň Hojaly şäherinde asuda ilata garşy edilen gyrgynçylygy ýazgarýandygyny mälim etdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Hojalyda edilen wagşyçylygyň adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde geçendigi nygtaldy.
Beýannamada “Hojalyda öldürlen 613 doganymyzyň, şol gün ýaralanan, ýesir alynan ýada dereksiz ýiten azerbaýjanlylaryň gynanjyny henizem duýýarys”diýildi.
Beýannamada gyrgynçylykda ýogalanlara Alladan rehnet dilendi we Azerbaýjanyň halkyna duýgudaşlyk bildirildi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada “1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda, Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjanyň Hojaly şäherinde asuda ilata garşy edilen gyrgynçylygy ýazgarýarys” diýildi.
Degişli Habarlar
Nahiçewanda Bolan Partlamada 2 Adam Ýogaldy
Ermenistana degişli ýarag ammarynyň partlamagy sebäpli 2 adam ýogaldy.