Uralogly Gyrgyz Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadyr Uralogly gyrgyz kardeşi Tilek Tekebaýew bilen duşuşdy.

2099633
Uralogly Gyrgyz Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadyr Uralogly gara ýoly gatnawynda ediljek täze başlangyçlaryn Türkiýe-Gyrgyzstan gatnaşyklarynyň ýany bilen gün dogar bilen gün bataryn arasyndaky söwda gatnaşyklaryny hem ösdürjekdigini beýan etdi.

Türkiýe-Gyrgyzstan Bilelikdäki ykdysady toparyň 11-nji maslahaty mynasybetli gyrgyz kardeşi Tilek Tekebaýew bilen ýolbaşçylyk edýän wekiliýetini Ankarada kabul eden ministr Uralogly, duşuşykda Türkiýe bilen Gyrgyzstanyň agyr şertleri bolan we şol bir wagtda-da möhüm sebitde ýerleşýändigini aýtdy.

Uralogly soňky döwürde Türki döwletleriň guramasynyň eýeleýän pozisiýasynyň iňňän möhümdigine ünsi çekip; “Bir stoluň başyna jemlenşdik. Biz “Türkiýe aşyry” diýýäris, Türki döwletlerň guramasy “Türki asyr” diýýär. Ol biziň üçin iňňän möhüm” diýdi.

 Gyrgyzstanyň Ulaglar we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew hem logistikanyň, ykdysadyýetiň esasy ugurlaryndan biri bolup durýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar