Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Saýlawda Gazanan Üstünligi Bilen Gutlady

Erdogan, Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2099223
Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Saýlawda Gazanan Üstünligi Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi, ýurdunda düýn geçirlen saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ilham Aliýewi saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlan Erdogan, saýlawyň netijesiniň Azerbaýjan üçin düşümli bolmagyny diledi.

Azerbaýjanda düýn geçirlen saýlawda 4 million 971 müň saýlawçy ses berdi. Saýlawa bolan gatnaşygyň 76,73 göterimdigi beýan edildi.

Saýlawda sesleriň 92,1 göterimini alan Ilham Aliýew gaýtadan bu wezipä saýlandy.

 



Degişli Habarlar