Gyrgyzstan Bilen Täjigistan Taryhy Şertnama Baglaşar

ıki ýurduň döwlet serhediniň 90 göteriminden gowragynyň kesgitlenilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

2097874
Gyrgyzstan Bilen Täjigistan Taryhy Şertnama Baglaşar

Gyrgyzstan bilen Täjigistan taryhy şertnama baglaşmagyň bosagasyna çenli geldi.

Soňky 4 aýda iki ýurt 196 kilometrlik serhediň kesgitlenilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

Täjigistan tarapyndan berlen beýannama görä, iki ýurduň döwlet serhediniň 90 göteriminden gowragynyň kesgitlenilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Soňky birnäçe aýdan bäri iki ýurduň ýolbaşçylary serhediň kesgitlenilmegi üçin gepleşikler geçirýär.

Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň soňky habarnamasyna görä, Batkende geçirlen gepleşikleriň netijesinde taraplar serhediň 38,35 kilometrlik bölegi boýunça karar kabul etdi.

Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhediň jemi uzynlygy 972 kilometr,

2022-nji ýylda geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň liderleri 664 kilometr boýunça ylalaşyk gazandyklaryny mälim edipdi.

Serhetleriň kesgitlenilmegi meselesindäki näbellilik sebäpli iki tarapyň arasynda düşnüşmezlikler hem başdan geçirilýär.

Serhetler meselesinde soňky gezek 2022-nji ýylyň güýz aýlarynda iki tarapyň arasynda güýçli çaknyşyklar başdan geçirildi.

 

 

 



Degişli Habarlar