Azerbaýjan bilen Türkiýe Mydama Birek-Birege Goldaw Berýär

Aliýew, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeleriniň 1-nji ýylynda Prezident Erdogana ýüzlenme ugratdy.

2098384
Azerbaýjan bilen Türkiýe Mydama Birek-Birege Goldaw Berýär

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň, ýer titremesi zerarly ýüze çykan kynçylyklary Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda, türk halkynyň goldaw bermeginde, jebislikde hötdesinden geljekdigine doly ynanýandygyny aýtdy.

Aliýew, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeleriniň 1-nji ýylynda Prezident Erdogana ýüzlenme ugratdy.

Ýer titremelerinde ýogalanlary uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny nygtan Aliýew, olara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr diledi.

Aliýew, başdan geçirlen tebigy betbagtçylygyň Türkiýe bilen birlikde Azerbaýjana hem çuňňur täsirini ýetirendigini, Azerbaýjanyň halkynyň türk halky bilen ýek-ýürek bolandygyny belledi.

Prezident Aliýew, Azerbaýjan döwletiniň we halkynyň ýer titremeleriniň yzy ýanyndan hiç hili çagyryşa garaşman doganlaryna kömek bermek üçin işe girişendigini ýatlatdy.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň mydama birek-birege goldaw berýändigini nygtan Aliýew, “Sebäbi biz bir millet, iki döwlet. Jenap Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda, türk halkynyň jebislikde bu kynçylyklaryň hötdesinden geljekdigine. Bu synagdan üstünlikli geçjekdigine doly ynanýaryn” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar