Tokaýew Prezident Saýlawyna Gatnaşmak Üçin Konstitutsiýa Üýtgetme Girizmez

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew prezident saýlawyna gaýtadan gatnaşyp bilmek üçin konstitutsiýa üýtgetme girizjekdigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýandigini aýtdy.

2084277
Tokaýew Prezident Saýlawyna Gatnaşmak Üçin Konstitutsiýa Üýtgetme Girizmez

Tokaýew “Egemen Gazagystan” gazetine beren interwýusynda konstitutsiýa üýtgetme girizmek üçin referendum geçirip, 2026-njy ýylda gaýtadan prezident saýlawyna gatnaşmak niýetiniň bardygy hakyndaky myş-myşlaryň “dezinformasiýadan” ybaratdygyny aýtdy.

Tokaýew konstitutsiýada bir döwür üçin prezidentlik maddasynyň üýtgewsizdigini aýtdy. “Konstitutsiýamyzdaky bu norma, garaşsyzlyk, bitewilik, territorial bitewilik we döwletiň dolanşyk görnüşi ýaly üýtgewsiz normadyr” diýen Tokaýew, ýedi ýyllyk we bir gezeklik prezidentlik pikiriniň özi tarapyndan teklip edilendigini we bütin halkdan goldaw tapandygyny ýatlatdy.

Gazagystanyň parlamenti 2022-nji ýylyň güýzünde prezidentiň gaýtadan saýlanma mümkinçiligini ortadan aýyrýan 7 ýyllyk we bir gezeklik prezidentlik insiatiwasyny tassyklapdy. Ozal Gazagystanyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen saýlanyp, ikinji gezek saýlawa gatnaşyp bilýärdi.



Degişli Habarlar