Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"

Aliýew,Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy Sammitinde çykyş etdi.

2059961
Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"

Aliýew Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde guralan Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy Sammitinde çykyş etdi.

Sentýabr aýynda Garabaga guran antiterror operasiýasy bilen sebitde Azerbaýjanyň özygtyýarlylygynyň doly ýola goýulandygyny beýan eden Aliýew; “Antiterror operasiýasy bilen asuda ilata we jemgyýetçilik binalaryna zyýan ýetirilmedi. Azerbaýjan halkara hukugyny doly berjaý etdi. Sebite 2 gezek sapar eden BMG-niň wekiliýeti hem ony tassyklady” diýdi.

Aliýew halas edilen sebitlerde giň gerimli dikeldiş we abadanlaşdyryş işlerini alyp barýandyklaryny gürrüň berip; “Şol maksada laýyklykda Azerbaýjanyň býujetinden 7 milliard dollar sarp edildi. 2024-nji ýylda azyndan 2,4 milliard dollar sarp ediler. Ýerleriň hakyky eýeleri Laçyn we Fuzuli şäherlerine we 3 oba dolandylar. 2026-nji ýylyň ahyryna çenli  Garabaga we Gündogar Zengezura 140 müňden gowrak adam dolanyp barar” diýdi.

Fuzulide mektep we medeniýet merkezini guran Özbegistanyň we Gazagystanyň liderlerine sagbolsun aýdan Aliýew çykyşyny; “Biz beýik türk dünýäsiniň bir bölegi. Dostlugymyzyň we doganlygymyzyň bagy boljakdygyna, Türki döwletleriň guramasynyň halkara güýjüniň hasam artjakdygyna doly ynanýaryn” diýip, tamamlady.

 



Degişli Habarlar