Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Fransiýada rasizmiň we yslam duşmançylygynyň ýaýbaňlanýandygyna garamazdan fransuz resmileriniň başga ýurtlara akyl bermäge we başga ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmaga çalyşýandygyny aýtdy.

2053739
Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Aliýew paýtagt Bakuwda geçirilen “Täze kolonializm: Adam hukuklarynyň basgylanmagy we adalatsyzlyk” temaly halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy.

Ýüzlenmesinde Azerbaýjanyň döwrebap dünýäde kolonializmiň dowam etmeginden we täze görnüşleriniň ýüze çykmagyndan biynjalykdygyna ünsi çeken Aliýew, kolonializmi dowam etdirýän ýurtlardan birinin Fransiýadygyny nygtady.

Ilham Aliýew 20-nji asyrda Polineziýada 200, Alžirde bolsa 17 ýadro synagyny geçirendigini, olaryň täsirleriniň şol sebitlerde şu günki günde-de duýulýandygyny beýan etdi.

Aliýew: “Ýadro synaglaryň şol sebitlere ýetiren zeperi kesgitlenmeli we Fransiýa jerime tölemeli” diýdi.

Fransianyň 132 ýyl dowam eden basybalyşynda Alžirde 1,5 milliondan gowrak adamyň pida bolandygyna ünsi çeken Aliýew, Marokko, Tunis, Mali, Jibuti, Nigeriýa, Çad, Senegal, Komorlar, Wiýetnam we Haiti ýaly  ýurtlardan şu günki günde-de fransuz kolonializminiň agyr täsirleriniň duýulýandygyny nygtady.

Ruanda gyrgynçylygynda-da Fransiýanyň jogapkärdigini beýan eden Azerbaýjanyň Prezidenti; “İkiýüzli we iki strandarly syýasat alyp barýan fransiýa, özüni sebitimizdäki milli azlyklaryn goragçysy hökmünde görkezmäge çalyşýar. Fransiýada rasizmiň we yslam duşmançylygynyň hem ýaýraýandygyny görýäris. Şeýle biynjalyk ediji we howply akymlara garşy göreşmekden jogapkär bolan fransuz resmileri, başga ýurtlara akyl bermäge we olaryň içerki işlerine goşulyşmaga çalyşýarlar” diýdi.

 



Degişli Habarlar