Garabagda Ermenileriň Goýan Minalarynyň Ýarylmagy Sebäpli 4 Azerbaýjan Polisi Şehit Boldy

Bu barasynda Azerbaýjanyň Baş Prokuroturasy, Içeri işler ministrligi we Döwlet howpsuzlyk gullugy beýannama berdi.

2039304
Garabagda Ermenileriň Goýan Minalarynyň Ýarylmagy Sebäpli 4 Azerbaýjan Polisi Şehit Boldy

Beýannamada Hojawent welaýatynyň Ahmetbeýli-Fuzuli-Şuşa gara ýolunda Azerbaýjanyň Döwlet awtoýollary gullugyna degişli ulagyň minanyň üstünde geçendigi mälim edildi.

Geçiş mahalynda bolan partlamada 2 adamyň ýogalandygy, wakanyň bolan ýerine giden polis ulagynyň hem başga bir minanyň üstünde geçendigi beýan edildi.

Beýannamada bikanun ermeni güýçleri tarapyndan goýulan minanyň ýarylmagy netijesinde 4 polis gullukçysynyň şehit bolandygy we terror aksiýasy hasýetlendirilen waka boýunça derňew işiniň başladylandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň döwlet howpsuzlyk gullugy Garabagdaky bikanun ermeni güýçleriniň goýan minasynyň ýarylmagy sebäpli Azerawtoýolyň 2 işgäriniň pida bolandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar