Gazagystan Rus Gallasynyň Bikanun Getirilmegin Gadan Edýän Kanunyň Möhletini 6 Aý Uzaltdy

Bu barasynda Gazagystanyň Söwda we utgaşyklyk ministrligi habar berdi.

2023525
Gazagystan Rus Gallasynyň Bikanun Getirilmegin Gadan Edýän Kanunyň Möhletini 6 Aý Uzaltdy

Gazagystanyň Söwda we utgaşyklyk ministrliginden berilen beýannama görä ministri Serik Žumangariniň ýolbaşçylygynda geçirilen guramalarara maslahatyň gatnaşyjylary 10-njy aprelde kabul edilen gara ýoly bilen galla importunyň gadagan edilmeginiň möhletiniň 6 aý uzaldylmagy boýunça ylalaşdylar.

Russiýadan bikanun ýollardan ýurda getirilýän gallanyň öňüni almak üçin kabul edilen karara laýyklykda bu gezek diňe bir gara ýoly bilen däl, eýsem demir ýoly bilen hem edilýän galla eksporty gadagan ediler.

Gazak metbugatynda çykan habarlarda bikanun ýollardan ýurda getirilýän rus gallasynyň Özbegistana, Owganystana we Täjigistana arzan bahadan satylýandygy mälim edilipdi. Onuň Russiýa ýaly galla eksportçusy bolan Gazagystandaky ýerli önümçilige hem-de içerki bazara ýaramaz täsir ýetirip, ykdysady ýitgä sebäp bolýandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar