Azerbaýjanyň Mejlisi, Türk Maýa Goýum Gaznasynyň Döredilmegini Tassyklady
Taslama, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer.
Azerbaýjanyň Milli Mejlisi, Türk Maýa Goýum Gaznasynyň döredilmegi baradaky şertnamany tassyklady.
Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzstan tarapyndan Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi baradaky taslama, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer.
Ilkinji etapda 500 million dollarlyk maýa bilen açyljak gaznanyň merkezi Stambul şäherinde ýerleşer.
Gazna, Türki döwletler guramasyna agza ýurtlaryň arasynda söwda we ykdysady taýdan edilýän hyzmatdaşlyga goldaw berer.
Degişli Habarlar
20 Maşgala Hojala Ýerleşdirildi
“Yza dolanyş” taslamasynyň çäginde ilkinji etapda 20 maşgala Hojala ýerleşdirildi.
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
"28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk gününi mähirli gutlaýaryn"