Ikinji TOGG Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Gowşuryldy

Aliýewe ulagyň açaryny Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank gowşurdy

1969778
Ikinji TOGG Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Gowşuryldy

Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy TOGG, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşuryldy.

Ilham Aliýew, paýtagt Bakuda geçirlen dabarada Anadolu reňkindäki TOGG-ny kabul edip aldy.

Aliýewe ulagyň açaryny Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank gowşurdy.

Prezident R. T. Erdogandan soň ikinji TOGG Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewe gowşuryldy.

Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy TOGG-yň öndürilmegi bilen gutlan Ilham Aliýew, ulagyň Bakuwa getirilmeginden hoşaldygyny belledi we Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Aliýew, TOGG-uň ikinji ulagynyň Azerbaýjana getirilmeginiň doganlyk gatnaşyklarynyň görkezijisidigini belledi.



Degişli Habarlar